Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda türmä hüjüm edildi


Talyp gozgalaňçylary Pakistanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Dera Ysmaýyl Han atly şäherde ýerleşýän türmä guramaçylykly hüjüm edip, habar berilişine görä, 250-den gowrak tussagy boşatdylar.

Polisiýanyň ýolbaşçysy Sohail Halid anna güni ýary gijäniň töwereginde başda birnäçe güýçli partlamanyň bolandygyny, soň talyplaryň granata atyjy ýaraglary ulanyp türmä hüjüm edendikleri barada habar berdi.

Regionyň ýörite wekili Muştak Jadoon türmede saklanan tussaglaryň arasynda “Howply terrorçylaryň” bolandygyny aýtdy. Habar berilişine görä, hüjümiň netijesinde türmeden gaçanlaryň arasynda Pakistanyň “Talyban” hereketiniň we “Al-Kaýda” ýakyn “Laşkar-e Jhangwi” toparynyň agzalarynyň birnäçesi bolupdyr.

Pakistanyň türmeleriniň baş inspektory Halid Abbas hökümeti çynlakaý çäre görmäge çagyrdy.

Pakistanyň “Talyban” hereketiniň metbugat wekili Şahidullah Şahid bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Dera Ysmaýyl Han Pakistanyň tire-taýpalarynyň ýaşaýan regionyna ýakyn ýerde ýerleşýär. Mälim bolşuna görä, bu ýerde “Talyban” we “Al-Kaýda” ýaly söweşjeň toparlaryň bazalary ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG