Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Öňki häkim türmä höküm edildi


Gyrgyzystanyň sudy Bişkek şäheriniň öňki häkimi Nariman Tuleýewi korrupsiýada günäli tapdy we ony 11 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Bişkegiň şäher administrasiýasynyň baş ýolbaşçylarynyň ýene ençemesi suda çekildi. Olara 5-13 ýyl aralygynda iş kesildi.

Tuleýew özüne garşy gozgalan işiň syýasat bilen baglydygyny aýdýar.

Ol Bişkegiň häkimi wezipesinde 2010-njy ýylda häkimiýet başyndan çetleşdirilen Kurmanbek Bakiýew döwründe işläpdi.

Şol döwürden soň Tuleýew oppozision “Ata Jurt” partiýasynyň wekili hökmünde gyrgyz parlamentiniň deputaty bolupdy. Ol 2011-nji ýylda prezidentlik saýlawlaryna öz kandidaturasyny hödürläpdi emma ses berişligiň öňüsyrasynda çekilipdi.

Tuleýew 2012-nji ýylda korrupsiýa we işde goýberen kemçilikler bilen bagly aýyplamalar esasynda tussag edilipdi. Prokurorlar onuň 1,4 million dollar möçberde zyýan ýetirendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG