Sepleriň elýeterliligi

HWF Ukraina ünsi artdyrýar


Halkara Walýuta Fondy Ukrainanyň aşa köp bergilidigi sebäpli onuň programmalary ýerine ýetirişine has uly üns berjegini mälim etdi.

Halkara Walýuta Fondunyň duşenbe güni yglan eden bu kararyna Ukrainanyň fonduň öňündäki bergisiniň iýun aýynyň aýagynda 8 milliarddan aşmagynyň sebäp bolandygy aýdylýar.

Halkara Walýuta Fondy 2011-nji ýylda Kiýew gazyň içerki nyrhlaryny galdyrmakdan boýun gaçyransoň Ukraina üçin 15 milliard dollarlyk kredit programmasyny doňdurypdy.

Halkara Walýuta Fondy 188 agzasynyň ykdysadyýetlerine ýylda bir gezek syn edýär. Şol bir wagtda-da, fonduň maliýe kömeginden peýdalanýan ýurtlara olaryň bergilerini üzmäge ukyby nukdaý nazaryndan has üns berilen garalýar.
XS
SM
MD
LG