Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl-palestin gepleşikleri başlandy


Ysraýylyň we Palestinanyň gepleşikleri alyp barýan wekilleri soňky üç ýylyň dowamynda ilkinji gepleşiklerini geçirdiler.

Ysraýylyň wekili Tzipi Liwniniň we Palestinanyň wekili Saeb Erekatyň ABŞ-nyň döwlet sekretary bilen bilelikde geçiren bu duşuşygy duşenbe güni agşam Döwlet Departamentinde boldy.

Taraplaryň hiç biri bu gepleşikleriň netijeleri barada žurnalistlere maglumat bermedi. Tsipi Liwni Jon Kerrä salgylanyp, “gepleşikleriň üstünlikli bolmagy üçin olaryň mazmunynyň köpçülige mälim edilmezliginiň” zerurdygyny belledi.
XS
SM
MD
LG