Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Pasport sebäpli ýurtdan geçýärler"


Türkmenistanyň Stambuldaky Konsulhanasynyň içinde nobata duran türkmenistanlylar.
Türkmenistanyň Stambuldaky Konsulhanasynyň içinde nobata duran türkmenistanlylar.
Türkmenistanyň daşary ýurt - biometrik - pasportyny edinmek baradaky möhlet, ýagny 10-njy iýul geçdi. Aýdylşyna görä, Türkmenistanyň raýatlary 10-njy iýuldan başlap, daşary ýurtlara diňe täze biometrik pasporty bilen sapar edip bilýärler.

Bu düzgün esasan hem daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylary alada goýdy. Sebäbi olaryň köne pasportlary 10-njy iýuldan başlap güýjüni ýitirdi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary täze pasport bermänsoň, biometrik pasport edinmek isleýän raýatlar Türkmenistana dolanmaga mejbur galýarlar.

Şeýlelikde berlen möhlet gutarmanka ýurda dolananlar bilen bir hatarda, Türkmenistana sapar etmekden saklanan raýatlar hem boldy. Olardan biri hem özüni Güljemal diýip tanadan Türkiýedäki türkmen migranty.

Eýsem, şeýle ýagdaýa düşen türkmenistanlylar nähili çykalga tapmaga synanyşýarlar? Bu sorag bilen Türkiýedäki habarçymyz Döwlet Baýhan ildeşimiz Güljemala ýüzlendi.

XS
SM
MD
LG