Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Aşton Morsi bilen duşuşdy


Keterin Aşton we general Abdel Fattah al-Sisi (s). 29-njy iýul, 2013 ý.
Keterin Aşton we general Abdel Fattah al-Sisi (s). 29-njy iýul, 2013 ý.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Müsüriň çetleşdirilen prezidenti Muhammed Morsi bilen geçiren duşuşygyndan soň, taraplary ýurtdaky ganly konflikti gepleşikleriň üsti bilen çözmek ugrunda tagalla etmäge çagyrdy.

Katerin Aşton 3-nji iýulda Morsiniň häkimiýetden agdarylmagy sebäpli dörän krizise araçylyk etmek üçin Müsüre sapar etdi. Duşenbe güni Aşton Morsi bilen iki sagada golaý wagt duşuşdy. Mundan başga-da Aşton Morsiniň çetleşdirilmeginiň arkasynda duran harby baştutan, general Abdel Fattah al-Sisi, wagtlaýyn hökümetiň liderleri, şeýle-de oppozisiýadaky yslamçylar bilen hem gepleşikleri geçirdi.

Sişenbe güni Kairde gurnalan metbugat ýygnagynda, Aşton Morsiniň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny belledi: “Ol oňat. Biz iki sagat çemesi açyk we aýdyň gürrüň etdik. Men onuň nirede saklanýandygyny gördüm. Men ol ýeriň anyk nirededigini bilemok. Biz gowy gürrüň etdik”.

Aşton geçiren gepleşiginiň jikme-jik mazmuny barada maglumat bermedi.

Morsi 2011-nji ýylda, haçan-da ozalky prezident Hosni Mubarek häkimiýetden agdarylanda, dörän galagoplukda türmeden gaçmakda aýyplanýar. Morsiniň 3-nji iýuldan bäri nirede saklanylýandygy äşgär edilmeýär.

Aşton ähli taraplara ýüzlenip, konfliktiň diňe syýasy çözgüdiniň bardygyny aýdanlygyny-da belläp geçdi.

Aşton Müsüre ýekşenbe güni bardy. Şondan bir gün öň, Kairde Morsiniň tarapdarlary ýöriş geçirende, onlarça adam öldürilipdi.

Morsi häkimiýetden 3-nji iýulda agdarylaly bäri ýüze çykan çaknyşyklarda 300 töweregi adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG