Sepleriň elýeterliligi

Saparmyrat Seýidow aradan çykdy


Türkmenistanyň Milli Howpsyzlyk komitetiniň öňki ýolbaşçysy Saparmyrat Seýidow 28-nji iýulda aradan çykdy. Onuň 29-njy iýulda jaýlanandygy aýdylýar.

Seýidow 1942-nji ýylda Aşgabatda doguldy. Ol 1965 ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini gutaryp 1968-nji ýyla çenli Büzmeýin şäheriniň internat-mekdebinde iňlis dili mugallymy bolup işledi.

Ondan soňky ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk komitetinde dürli wezipelerde bolup, 1992-99-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy wezipesinde işledi.

2002-nji ýylda Seýidow ýurduň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge diýilen synanyşyga gatnaşmakda aýyplanyp, 2003-nji ýylda türmä basylypdy. Ol 2008-nji ýylda türmeden boşadylypdy.
XS
SM
MD
LG