Sepleriň elýeterliligi

Pentagon: Kabula hemaýat gerek bolar


Pentagon Owganystanyň harby güýçleriniň barha kuwwatlanýandygyny, emma 2014-nji ýylda NATO güýçleri çykarylandan soň, ýurduň bu pudagyna maliýe hemaýatyň we goşmaça tälimçiligiň gerek boljakdygyny aýdýar.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Senata hödürlän hasabatynda, 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende “Talyban” hereketiniň mümkinçilikleriniň we meşhurlygynyň pese gaçandygyny nygtaýar. Emma muňa garamazdan, söweşijileriň ýurduň ençeme sebitlerinde uly täsire eýedigi hem bellenilip geçilýär.

NATO 2014-nji ýyldan soň Owganystanda özüniň türgenleşik we maslahat beriş missiýasyny saklamaga meýillidigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG