Sepleriň elýeterliligi

‘Ostankinodaky’ ýangyn derňelýär


Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi Moskwadaky “Ostankino” telewideniýe merkezinde ýüze çykan ýangynyň sebäplerini derňeýär.

Ministrligiň websaýtynda ýerleşdirilen beýanatda bellenmegine görä, sişenbe güni dörän ýangyn sebäpli, “Ostankinodan” 1 müň 200 töweregi adam ewakuasiýa edilipdir. Beýanatda ýangyn bilen göreşmek üçin, şahsy düzümiň hataryndan 160 işgäriň goýberilendigi bellenilýär.

Ministrligiň resmisi Ýuriý Deşewyh ýangynyň simlerdäki näsazlyk sebäpli dörän bolmagynyň mümkindigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG