Sepleriň elýeterliligi

Lukaşenko 57 kg. lakgany tutdy


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Pripýat derýasynda 57 kilogramlyk lakga balygyny tutandygyny aýdýar.

Belarusyň ONT telekanalynda Lukaşenkonyň hökümet maslahatlarynyň birinde, balykçylygyň düzgünleri we köpelen balyk sany barada gürrüň berýän pursatlary görkezildi. Lukaşenko hut özüniň 57, 24 we ýedi kilogramlyk lakga balyklaryny tutmagy başarandygyny hem sözüne goşdy. Telewideniýede Lukaşenkonyň balyk tutan pursatlary görkezilmedi.

Mundan bir hepde wagt ozal, Kreml prezident Wladimir Putiniň Sibire eden saparynyň dowamynda, 21 kilogramlyk çüýbalygy tutandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG