Sepleriň elýeterliligi

Eýran türkmenleriniň özara gatnaşyklary


Türbet-Jamda ýaşaýan türkmen Suhan Salarniýa

Türbet-Jamda ýaşaýan türkmen Suhan Salarniýa

Eýranyň bir ujynda Türkmensähra türkmenleri we beýleki ujynda bolsa Türbet-Jam Salyr türkmenleri köpçülik bolup ýaşaýarlar. Türkmensähra türkmenleri gadymy döwürlerden bäri şol sebitde oturymly ýagdaýda ýaşaýarlar. Horasan sebitindäki Türbet-Jam şäherinde ýaşaýan bäş ýüzden gowrak öýli Salyr türkmenleri bolsa otuzynjy ýyllarda Türkmenistandan göçüpdirler.

Türkmensähradaky türkmenleriň Horasan sebitindäki Türbet-Jam Salyr türkmenleri bilen tanyşlygy 1970-nji ýyllarda başlady. Ýöne olaryň arasyndaky özara gatnaşyklar 2000-nji ýyllarda täze nesilleriň Kerim Salarniýa ýaly öňdebaryjylarynyň aladalary hem guramaçylykly işleri bilen hasam ýygjamlaşypdyr.

Azatlyk Radiosy Eýrandaky türkmen öňdebaryjylardan merhum Kerim Salarniýany ýatlap, Horasan sebitiniň Türbet-Jam şäherinde ýaşaýan onuň agasy hormatly dynç alyşdaky mugallym Suhan Salarniýa bilen Eýran türkmenleriniň özara gatnaşyklary barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Eýrandaky Türkmensähra we Türbet-Jam türkmenleriniň arasyndaky gatnaşyklar haçan başlady we häzirki ýeten sepgidi barada maglumat berseňiz?

Suhan Salarniýa: Gümmet Kowusda Myratdurdy Kazy diýen kitap neşir edýän bir türkmeniň 1970-nji ýyllardaky aladalary bilen Türkmensähra we Türbet-Jamdaky türkmenleriň arasynda ilkinji gatnaşyklar başlandy. Myratdurdy Kazy ilkinji gezek gelende bäş sany Magtymgulynyň kitabyny getirdi.

Ynha, şol kitaplar hem Eýrandaky türkmenleriň özara gatnaşyklarynyň arasynda bag döretdi. Sebäbi biz oňa çenli bir türkmen kitabyny ýakyndan görmändik. Şol döwürlerde gatnaşyklar başlanam bolsa ýygjam däldi.

Gelim-gidim iki-üç ýyldan bir gezek diýen ýaly bolýardy. Şol ýyllar türkmen ýaşulylarynyň hem aramyzda köpçülik edýän döwrüdi. Ýöne ýollar açyk bolmansoň özara gatnaşyklar hem yzgiderli däldi. Ondan daşaryn adamlaryň düşünjelerem birhiliräk ýagny şeýle ýagdaýa kän taýýar däl ýalydy.

Eýran Yslam ynkylabyndan soň Türkmensähra bilen Türbet-Jam türkmenleriniň arasyndaky ýollar dürli düşünjeleriň köpelmegi bilen açylyp başlady. Ondan soň Magtymgulynyň mazarynyň başynda geçirilýän dabaralara Türbet-Jam türkmenleri hem goşulyp, gatnaşyp ugradylar.

Azatlyk Radiosy: Türkmensähra we Türbet-Jam türkmenleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösmegine esasy goşantlaryň birini goşan Eýrandaky türkmenleriň öňdebaryjylaryndan Kerim Salarniýa siziň iniňiz diýýärler. Merhum öňdebaryjy Kerim Salarniýanyň eden işlery barasynda maglumat berseňiz?


Suhan Salarniýa: Ol pahyr özi bir okuwlyja oglan bolupdy. Şol ýyllar ýörite Türkmensähra gidip, şol ýerde ýokary bilim aldy. Okan mahaly şol ýerde türkmen ýigitleri bilen tanyş bolup, olardan kitaplar alyp okap, başga ýerlerdäki türkmenler bilen gatnaşyp öz dünýägaraýşyny ösdürdi.

Okuwy gutaranyndan soň ýörite başga ýerde ýaşaýan türkmenleriň gözlegine çykyp, olary tapyp, biziň ýanymyza getirip, ýadaman hem irmän-arman gatnaşyklary ýola goýup başlady.

Şeýlelik-de, merhum öňdebaryjy Kerim Salarniýa, Türkmensähra taraplarda türkmen şahyrlardan, ýazyjylardan, bagşylardan we öňdebaryjylardan köp dost edindi. Gynansagam, ömri gysga boldy. Üç-dört aý mundan owal Kerim Salarniýa aramyzdan aýryldy.

Eýran türkmenleriniň öňde baryjylarynyň biri merhum Kerim Salarniýa

Eýran türkmenleriniň öňde baryjylarynyň biri merhum Kerim Salarniýa

Azatlyk Radiosy: Merhum öňdebaryjy Kerim Salarniýa ýaly şu wagt Türbet-Jam Türkmenlerini dünýä tanadýan we Türkmensähradaky türkmenler bilen gatnaşyklary yzarlap duran başga ýaşlar hem barmy?

Suhan Salarniýa: Soňky ýyllarda ýaş ýigitlerimiziň arasynda bilimliler köpeldi. Bilim dünýägaraýyşlary ösdürdi we munuň netijesinde hem dünýä türkmenleriniň özara gatnaşyklary meselelerine üns berýänler köpeldi. Internetden yzgiderli aragatnaşyk saklap durlar.

Türkmensährada Magtymguly günleri geçiriljek mahaly uly höwes bilen entäk bir hepde, on gün öňünden şol ýere gidip, guramaçylyk işlerine gatnaşyp ýörler. Türkmensähranyň bagşylary, şahyrlary, ýazyjylary hem-de alymlary bilen köp oturyşýarlar.

Häzirki döwürde Türbet-Jamda her bäş öýden biri Türkmensähra türkmenleri bilen gaty gowy gatnaşyp ýör. Indi diňe bir Türkmensähra däl, eýsem dünýäniň niresinde bir türkmen bar bolsa, Türbet-Jam türkmenleri şolar bilen gatnaşyk saklaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Merhum öňdebaryjy Kerim Salarniýanyň soňky ýyllarda eden işleri nämedi?


Suhan Salarniýa: Kerim Salarniýa soňky ýyllarda Owganystanda Hyrat şäherinde bir firmada işleýärdi. Şol işi sebäp bolup, Owganystan türkmenlerinden hem gaty köp tanyş edindi. Kerim Salarniýa pahyryň özi gaty türkmen söýerdi. Hemişe türkmenleriň we türkmençiligiň gözlegindedi.

Owganystandaky türkmenleriň arasynda aýlanyp, şolaryň nirede bir bagşysy ýa-da şahyry bar bolsa tapyp, tanyşyp, olar bilen gatnaşygy ýola goýdy. Kerim Salarniýanyň tagallalary bilen Owganystan türkmenleri hem Türkmensähradaky Magtymguly günlerine uly topar bolup gatnaşyp başladylar.

Owganystanly türkmenlerden Anna bagşy bilen bir hatarda Şybyrgan, Mazary-Şerif we Hyrat türkmenlerinden wekiller gelip, gatnaşyp başladylar. Her gezekde sekiz-on kişi gelýärdi we olar Kerim Salarniýa pahyryň tanyşlaryndandy. Kerim Salarniýa şeýdip Magtymguly günleriniň üsti bilen Owganystandaky tanyşlarynyň türkmenler barada gowy düşünjä eýe bolmagyna sebäp boldy.

Häzirki döwürde hem Kerim Salarniýanyň açan ýolundan Owganystan türkmenleri hem diňe bir Türbet-Jam türkmenleri bilen däl, eýsem, Türkmensähra türkmenleri bilen yzgiderli gowy gatnaşyp durlar.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG