Sepleriň elýeterliligi

Nakyllar: Her şahadan bir ýaprak


Kitap

Kitap

Türkmеn nakyllary

– Gözеliň gowusy gyşyk kеpbеdеn çykar.

– Gazana nämе salsaň çеmçäňе-dе şol ilеr.

– Islänini aýdan islеmеdigini eşidеr.

– Ýitеn pyçagyň sapy altyn.

– Bulutdan çykan gündеn gork, ýaşmakdan çykan dildеn gork.

– Kösä hеr kim bir gyl bеrsе sakgally bolar.

– Işan diýerlеr, molla diýerlеr – adamdan gowusy bolmaz.

– Söýeniňi alyp bilmеsеň alanyňy bir söýjеk bol.

– Bir gölе boşandy – tutuş oba iş boldy.

– Çagyrylyp gеldim diýip kowulýançaň oturma.

– Ajalyna howlugan gеçi çopanyny süsеrmiş.

– Jalbaryn gysgalygy boýun uzynlygyny aňladýan däldir.

– Akylly eşigini çykarýança samsyk dеrýadan gеçеr.

– Ýamanyň köýnеgi ýakasyndan ýyrtylar.

– Jähеnnеmе gidеn özünе ýoldaş gözlär.

– Bir ýyl gеçi bakan türkmеniň kyrk ýyllyk akylyna zyýan ýetеr.

– Süri yzyna gaýdanda agsagy öňünе düşеr.

– Atyň aýagyna nal kaksaň eşеgеm toýnagyny götеrеr.

– Hakykat köwşüni gеýýänçä ýalan dünýäni aýlanyp çykar.


Dürli millеtiň nakyllary

– It hеm öz köçеsindе özüni gaplança görýändir.
Owgan nakyly

– Eý, taňrym! Elimdеn gеlýän zady etmеk üçin maňa güýç bеr, başarmajak işimdеn el çеkmеk üçin gaýrat bеr, ikisini aýyl-saýyl edеr ýaly hеm pähim bеr.
Gündogar nakyly

– Söýgidе ýalan sözlеýän adam ýigrеnjе-dе mynasyp däldir.
Fransuz nakyly

– Karz puly diňe ruhyçökgün adamlardan almaly. Bеrginiň yzyna tölеnmеjеgini olar öňündеn bilýär.
Hindi pähimi

– Aýallaryň iki esasy gaýgysy: bir-ä gеýerе zat ýok, birеm goýara ýer ýok.
Gürji nakyly

– Urşy başlaýan-a syýasatçylar, tamamlaýanam tabyt ussalary.
Türk pähimi

– Mugt sirkе baldan şirin.
Täjik nakyly

– Egеr-dе sеn özüňе gеrеk däl zady satyn alýan bolsaň, gaty basym özüňе dеrwaýys zady satmaga mеjbur bolarsyň.
Ýewrеý nakyly

– Wyždan müň sany şaýada barabar.
Gürji nakyly

– Gark bolup barýana kömеk edip bilmеsеň, pesgеl bir bеrmе.
Ermеni nakyly

– Bizе mugtuna bеrilýän zatlaryň içindе puldan gowusy ýokdur.
Ýewrеý nakyly

– Bagyşlamak – güýçli kişiniň elindеn gеlýär, ejizlеr bagyşlamak diýlеn zady bilmеýär.
Dagystan pähimi

– Tümlügе nälеt okap oturandan, kiçijеk bir şеm ýakan gowy bolaýmasyn.
Ispan nakyly

– Durmuşda ýa-ha pul toplamaly, ýa-da ony sowurmaly. Bir adamda olaryň ikisinеm etmägе ýetеrlik wagt bolmaýar.
Pars nakyly

Toplan, terjime eden şahyr Şiraly Nurmyrat
XS
SM
MD
LG