Sepleriň elýeterliligi

Manniň köp aýyplamada günäli tapyldy


Esger B.Manniň (S) harby polisiýiýanyň ugratmagynda suda getirilýär. 30-nji iýul, 2013 ý.

Esger B.Manniň (S) harby polisiýiýanyň ugratmagynda suda getirilýär. 30-nji iýul, 2013 ý.

Birleşen Ştatlaryň sudýasy goşun esgeri Bradliý Manniňi hökümet tarapyndan garşysyna bildirilen iň agyr aýyplamadan, duşmana ýardam bermek günäsinden aklady. Amerikan hökümeti ony Birleşen Ştatlaryň gizlin maglumatlaryny ýaşyrynlyga garşy çykyş edýän "WikiLeaks" websaýtyna berenligi üçin günäkärleýär.

Ozalky maglumat analitigi içalyçylyk aýyplamary boýunça bir topar maddada, ogurlyk we kompýuter kezzapçylyklarynda günäli typyldy. Oňa indi günäli tapylan maddalary esasynda 100 ýyldan gowrak türme tussaglygynyň berilmegi mxmkin.

Prokurorlar "dönük" diýýär

25 ýaşly Manniň 2010-njy ýylda Yrakda bolan wagty Yraga we Owganystana degişli söweş maglumatlarynyň 470 müňden gowragyny, Döwlet departamentiniň diplomatiki telegrammalarynyň 250 müň sanysyny, beýleki materiallary, şol sanda söweş meýdanlaryna degişli widoýazgylary “WikiLeaks” websaýtyna iberendigini boýun aldy. “WikiLeaks” websaýty soň ol maglumatlaryň köpüsini internetde çap etdi.

Hökümet prokurorlary iki aýlyk sud seljerişligi döwründe Manniňi syzdyrylan gizlin maglumatlary Amerikanyň duşmanlarynyň hem okajagyny bilen dönük hökmünde häsiýetlendirdiler, emma Manniň bu aýyplamany ret etdi.

Ak tam bu ýagdaý gymmatly harby we diplomatiki çeşmeleriň üstüniň açylmak wehimini döretdi we Amerikanyň başga hökümetler bilen gatnaşygyny dartgynlaşdyrdy diýdi.

Aklawçylar "jürlewükçi" diýýär

Manniňiň aklwaçylar topary ony uruş jenaýatlarynyň üstüni açmak we ýurduň harby, daşary syýasat meseleleri barada açyk çekişme dörtmek islän “whistleblower”, jürlewükçi, habar beriji hökmünde häsiýetlendirdiler.

Manniň fewralda suddan öň geçirilen diňlenişikde gizlin maglumatlary Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň “gana suwsandygyny” we adam ömrüne parhsyz garaýandygyny aýan etmek üçin syzdyrdym diýdi.

Ol özüniň Birleşen Ştatlara zyýan ýetirmez öýden maglumatlaryny saýlap alandygyny aýtdy.
"WikiLeaksiň" baş redaktory Julian Assanj, London, 30-iýul, 2013 ý.

"WikiLeaksiň" baş redaktory Julian Assanj, London, 30-iýul, 2013 ý.


“WikiLeaks” Manniňe çykarylan hökümi "howply milli howpsuzlyk ekstrmizmi" diýip atlandyrdy.

“Jürlewükçileri”, ýagny habar berijileri we açyklygy goldaýanlar Manniň diňe jemgyýetçilige olaryň öz hökümetlerinden hasap sorap bilmegi üçin zerur bolan maglumatlary berdi diýen pikiri öňe sürdiler. Metbugat azatlygynyň tarapdarlary bolsa, duşmana kömek berlendigi baradaky aýyplama derňew žurnalizmi üçin howply bir ýagdaýyň yşaraty boldy diýdiler.

"Derňew žurnalizmine abanýan wehim"

Trewor Tim Metbugat azatlygy fondunyň esaslandyryjylarynyň biri we onuň ýerine ýetiriji direktory. Bu topar aýdyňlyga we hökümetiň halka hasap bermegine kömek edýän žurnalizmi goldaýar. Ol Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna şeýle diýdi:

“Bu geljekki habar berijilere metbugata habar syzdyrmaga geçirimlilik edilmejegini duýdurmagyň bir synanyşygy we gamgyn ýagdaý. Haçanda biri hiç bir zorluksyz, hiç kime zyýan ýetirmän, jemgyýetçilige sözme-söz sitirlenen jenaýat maglumatyny ýetirmek islese, ol şindem 100 ýyldan gowrak türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.”

Serhetsiz reporterlar guramasy bu hökümi habar berijiler üçin üýşendiriji diýip atlandyrdy we onuň derňew žurnalizmine wehim salýandygyny, sebäbi gorkuzylan çeşmeleriň sesini çykarman, üsmsüm oturmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

"Snowden ýaly jenaýatçy"

Emma Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň Aňtaw-maglumat komitetiniň başlygy twitterde bu hökümi gutlady we, Milli howpsuzlyk gullugynyň gözegçilik programmalary baradaky maglumatlary syzdyran Edward Snowdeniň işini ýatlap, “bu gün adalatyň dabaralanandygyny” aýtdy. Maýk Rojers (respublikan-Miçigan) şeýle diýdi: “Esger Manniň, Snowden ýaly, gizlin maglumatlary açan, jemgyýetçilik ynamyna hyýanat eden we ABŞ-nyň howpsuzlygyna zyýan ýetiren jenaýatçy.”

“Manniň-WikiLeaks” işi Birleşen Ştatlaryň taryhynda gizlin maglumatlaryň iň uly möçberde açylyşydyr.

Manniňi goldaýanlaryň arasynda Daniýel Elsberg hem bar, ol 1970-nji ýyllarda Goranmak departamentiniň ABŞ-nyň Wetnam urşuna gatnaşygy baradaky dokumentlerini ile ýaýradypdy. Şonda “Pentagon kagyzlary” diýip at alan dokumentler Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň jemgyýetçilige Wetnam urşy barada gaýta-gaýta ýalňyş maglumat berendigini görezipdi.
XS
SM
MD
LG