Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenbaşyda hepdeläp suw ýok"


Hazar deňziniň kenary
Hazar deňziniň kenary
Türkmenbaşy şäheriniň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýändigine garamazdan suwsyzlykdan kösenýändigi aýdylýar.

Türkmenistanyň turizm merkezi hasaplanýan Awaza dynç alyş sebiti hem Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Eýsem, bu ýagdaý Türkmenbaşy şäheriniň ýasaýjylaryna nähili täsirini ýetirýär we olar bu barada näme pikirde?

Şu meseleler bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan, Türkmenbaşydan Türkiýäniň Antalýa şäherine dynç almaga baran türkmenistanly syýahatçy Aýna bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aýna, ynha siz Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda Awaza turzim merkezi ýerleşýänem bolsa Türkiýäniň Antalýa şäherine dynç almaga geldiňiz. Munuň sebäbi näme?


Aýna: Suw ýok, şol sebäpli geldim.

Azatlyk Radiosy: Türkmenbaşy şäherinde suw ýokmy?


Aýna: Şäherde suw ýok. Tomusda bolsa düýbinden ýok. Türkmenbaşy şäherinde suw beriläýse, bir-iki gün berilýär. Hatda hepdeläp suw berilmeýän mahalam bolýar. Sebäbi hemme suw Awaza berilýär. Medeniýet merkezine gönükdirilýär.

Azatlyk Radiosy: Suw ýetmez ýaly Awaza şeýle köp adam barýarmy?

Aýna: Awaza gaty köp adam gelýär.

Azatlyk Radiosy: Şeýle köp adam Awaza nireden barýar? Türkmenistandanmy ýa-da daşary ýurtlardan barýarmy?

Aýna: Türkmenistanyň öz içinden gelýärler. Daşary ýurtlardan gelýän barmy, ony men bilemok. Awaza gelýän adamlaryň köpüsi Türkmenistanda iş alyp barýan Ýapon, Hytaý we Türkiýe ýaly daşary ýurtly firmalaryň işgärleridir. Belki daşary ýurtlardan hem gelýän bar bolmagy ahmal.

Azatlyk Radiosy: Siziň aýdyşyňyza görä, Awazada suw o diýen arassa däl we hyzmatyň hili hem gowy däl, onda ol adamlar näme üçin Awaza dynç almaga barýarlar?

Aýna: Meniň pikirime görä, gelýänleriň aglabasy Türkmenistanyň öz halky. Olar çagalary bilen Awaza gelýärler. Olar hem deňiz görmek isleýärler. Meselem, Mary we Çarjew ýaly ýerlerde ýaşaýanlar deňiz ýüzüni görenoklar. Ynha, deňiz görmek we ondan peýdalanmak isleýän türkmenistanlylar hem biziň ýanymyza gelýärler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenbaşy şäheriniň halky suw ýetmezçiligi barada ýokary wezipelerde oturanlara hiç ýüz tutmadylarmy? Halk suwuň ýoklygyna öz nägileligini bildirenokmy?

Aýna: Dogrusyny aýtsak indi adamlar öz meselelerini özleri çözýär. Meselem, her ädimde daşdan örülip ýasalan guýy ýaly ätiýaçlyk suw howuzlary bar. Ondan daşary ullakan plastmassadan ýasalan suw gaplary goýulýar. Ynha, Türkmenbaşy şäherinde, hemme ýerde ätiýaçlyk suw saklanýan serişdeler we howuzlar bar.

Hat-da köp gatly jaýlarda hem şolar bar. Çekilýän suw kynçylygynyň üstesine-de Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi edarasyndan gelip şol ätiýaçlyk suw saklanýan ýerleri aýyrmagymyzy talap edýärler. Bir hepdeläp suw bolmaýan wagty bolýar. Onsoň biz näme üçin ätiýaçlyk suw saklanýan ýerleri aýyrmalykak?!

Meselem, golaýda Türkmenbaşy şäherinde deňiziň arassalanan suwy ertir bilen agşam berilip başlanjak diýdiler. Ýöne gynansagam, edil häzir şolar ýaly ýagdaý ýok. Diňe agşamlary ýaňky arassalanan deňiz suwy iki sagatlygyna şähere berilýär. Ynha, suw meselesinde bar bolany şol.

Deňizden arassalanan suw bolsa-da her gün berilenok. Şol sebäpdenem Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary şol ätiýaçlyk suw saklanýan ýerleri aýryp bilenoklar. Eger ýaşaýjylar ätiýaçlyk suw saklanýan ýerlerini aýyrsa, onda gaty uly betbagtçylyk bolar. Sebäbi ýuwunmaga, kir we gap-gaç ýuwmaga hiç hili suw bolmaz. Suw bolmasa ýaşaýyş bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Aýna, siz Türkmenbaşy şäherinde suw ýok diýýärsiňiz. Şäherdäki ýaşaýyş kynçylyklary diňe suwuň ýoklugymy ýa başga kynçylyklaram barmy?

Aýna: Türkmenbaşy şäherini “Medeniýet merkezi” diýip yglan etdiler. Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary bu sebäpli gaty agyr kynçylyklary başdan geçirýärler. Suw ýok diýdik, munuň ýany bilen hem bazarlarda bahalar gaty gymmatlady.

Turistler gelýändigi sebäpli hemme ýerde bahalar hem gymmatlaýar. Şol bir et, balyk we gök-önüm, ýöne nämedendir gymmatlap dur. Ynha, şeýle sebäplerden iň köp Türkmenbaşy şäheriniň ýerli halky kösenýär.
XS
SM
MD
LG