Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky "Talyp Karzyny" hödürleýär


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň binasy

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň binasy

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky daşary ýurtlarda we Türkmenistanyň çäklerindäki ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilime töleg etmeklik üçin ýyllyk 8%-li Talyp Karz kreditini hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň websahypasynda habar berilýär.

Talyp karzyny almaklygyň düzgünlerine görä, bankdan karzyna kredit alynjak puluň möçberi bank bilen karz alyjynyň arasyndaky ylalaşyk esasynda kesgitlenýär.
Karz boýunça tölegler bir gezeklik (ýyllyk) ýa-da iki gezeklik (ýarym ýyllyk) her okuw ýyly üçin we her okuw ýylynyň başynda berilýär diýlip, maglumatda bellenilýär.

Ikinji okuw ýylyndan başlap bolsa, talyplaryň indiki okuw ýylynyň tölegine bankdan pul karz almaklary üçin, olaryň geçen ýyl bankdan karz alan pulunyň 90%-ni yzyna töläp ýetişmegi zerur şert edilip goýulýar.

Şeýle hem talyplaryň indiki okuw ýylynyň tölegine bankdan pul karz almaklary üçin, olaryň öňki okuw ýylyny tamamlap, täze okuw ýylyna geçendigi barada ýokary okuw jaýyndan tassyklanan dokumentiniň bolmagy zerur. Ol resminamany öz ýanyň bilen banka getirmelidigi agzalýan bankyň websahypasynda nygtalýar.

Talap edilýän resminamalar

Talyp karzyny almaklyk üçin gerekli resminamalaryň arasynda: karz alyjynyň ýa-da karzyny ödeýäniň arzasy, pasporty, ene-atasynyň pasportynyň kopiýasy we deňeşdirmek üçin asyl nusgasy, maşgala düzümi we ýaşaýan ýeriniň ýazgysyny kesgitlemek üçin Forma No3 diýip atlandyrylýan kepilnama, işleýän ýerinden resminama, zähmet kitapçasynyň kopiýasy, girew üpjünçiligi, iş ýerinden häsiýetnama ýaly dokumentler bar.

Şeýle-de, Talyp karzyny almaklyk üçin gerekli resminamalaryň arasynda talybyň wizasy bilen pasportynyň kopiýasynyň we deňeşdirmek üçin asyl nusgasynyň, ýokary okuw jaýy bilen talybyň baglanyşan şertnamasynyň, talybyň ýokary okuw jaýy tarapyndan ýazylyp berlen hasap-faktura dokumentiniň talap edilýändigi barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň websahypasynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň talyplar üçin hödürleýän hyzmatlarynyň ýene biri hem talyplar üçin VISA kartydyr.

Agzalýan websahypada berilýän maglumata görä, bu bank kartynyň kömegi bilen talyplaryň islendik wagtda Bankomatdan nagt pul alyp bilýändigi we onuň üçin 2% ýygymyň alynýandygy bellenilýär. Şeýle-de, söwda nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklar ýaly mümkinçilikleriň bardygy we onuň üçin 1% ýygymyň saklanýandygy websahypada nygtalýar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň websahypasynda berilýän maglumata görä, müşderileriň aragatnaşyk maglumatlary üçin agzalýan bankyň Karz bermek müdirligi bölümine ýüz tutmaklary maslahat berilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG