Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Eýrana täze sanksiýalary girizmekçi


Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýi Eýrana täze sanksiýalary girizip biljek kanun taslamasyny kabul etdi. Bu ses berişik, Eýranyň täze prezidenti Hassan Rohani prezidentlik wezipesine girişmeginden birnäçe gün öň amala aşyryldy.

Çarşenbe güni ABŞ-nyň Wekiller öýüniň agzalarynyň geçiren ses berişigi netijesinde, bu kanun taslamasyny 400 adam goldady we ikisi hem oňa garşy çykyş etdi.

Täze giriziljek bu berk sanksiýalaryň netijesinde Eýranyň nebit eksporty bir ýylyň dowamynda her gün 1 million barrel azalar. Şeýle-de, bu sanksiýalar 2015-nji ýyla çenli eýran nebitiniň satuwyny bütin dünýäde azaltmagy maksat edinýär.

Bu sanksiýalar Eýrany ýadro programmasyny özgertmek barada alyp barýan işlerinden saklamak maksady bilen ýola goýuldy.

ABŞ-nyň Senaty agzalýan kanun taslamasyna sentýabr aýynda sereder.
XS
SM
MD
LG