Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Yslamabada sapara bardy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri Pakistanyň täze saýlanan premýer-ministri Nawaz Şarif bilen Yslamabatda duşuşdy.

Maý aýynda Pakistanda täze hökümet öz işine başlaly bäri, bu Kerriniň Pakistana edýän ilkinji saparydyr.

Şeýle-de, Jon Kerri saparynyň dowamynda Pakistanyň beýleki harby syýasy resmileri bilen hem duşuşar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýaýradan beýanatynda, Kerriniň Yslamabatda geçirjek gepleşikleriniň howpsuzlygy gowulandyrmak, Pakistanyň ykdysadyýetini güýçlendirmek ýaly birnäçe meseleleri öz içine alýandygy bellenilýär.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar, hususanda Owganystan bilen baglanyşykly meseleler sebäpli ýygy-ýygydan dartgynlaşýar.

Waşington häzirlikçe netijesiz bolan “Talyban” hereketi bilen owgan hökümetiniň arasyndaky ýaraşyk gepleşikleriniň gaýtadan janlanmagynda Pakistan oňyn rol oýnar diýip, umyt edýär.
XS
SM
MD
LG