Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ablýazow Fransiýada tussag edildi


Gaçgak gazak bank işgäri Muhtar Ablýazowyň aklawçysy müşderisiniň Fransiýanyň günortasynda tussag edilendigini aýtdy.

Aklawçy çarşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, Ablýazowyň Mouans-Sartoux şäherindäki öýünden "berk ýaragly" ýörite fransuz güýçleri tarapyndan türmä äkidilendigini belledi.

Ablýazowyň aklawçysy, müşderisiniň ekstradisiýa edilmeginiň soralandygyny aýdyp, ýöne bu haýyşyň Orsýetiň, Ukrainanyň ýa-da gönüden-göni Gazagystanyň resmileri tarapyndan soralandygy barada takyk maglumatyň ýokdygyny nygtady.

Baý bankir we Gazagystanyň täsirli oppozisiýa wekili Ablýazow 2009-njy ýylda ýurdy terk edipdi we 2011-nji ýylda Britaniýadan syýasy gaçybatalga alypdy. Ol Gazagystanda maliýe serişdelerini ogurlamakda aýyplanýar.

Ablýazowyň aýaly we alty ýaşly gyzy maý aýynda Italiýadan Gazagystana ekstradisiýa edilipdi.
XS
SM
MD
LG