Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Bangladeşde 150 adam öldürildi


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasynyň raportynda, Bangladeşde fewral aýynda başlan protestlerden bäri ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 150 adamy öldürendigi bellenýär.

“Human Rights Watch” guramasynyň penşenbe güni ýaýradan raportynda, Bangladeşdäki demonstrasiýalarda käbir adamlaryň izolýasiýa edilendigi we 2 müňden gowrak protestçileriň ýaralanandygy hem öňe sürülýär.

Bangladeşde “Jamaat-e Islami” partiýasynyň lideri 1971-nji ýylda bolan garaşsyzlyk urşy bilen ilteşikli jenaýatlarda aýyplanyp tussag edilenden soň, agzalýan partiýanyň tarapdarlary köçelerde protest çärelerini geçirmäge başladylar.

“Human Rights Watch” guramasynyň Aziýa kontinenti boýunça direktory Brad Adams, “Bangladeşiň hökümeti howpsuzlyk güýçleriniň erkini ele almaklary üçin berk çäreleri ýola goýmasa, onda ýylyň ahyryna çenli köçelerde ýene-de köp gan döküşik bolar” diýdi.

Bangladeşiň Içeri işler ministrliginiň sekretary Mustak Ahmed agzalýan guramanyň ýaýradan raporty barada gürlemekden ýüz öwürdi.
XS
SM
MD
LG