Sepleriň elýeterliligi

Rahmon Russiýa sapar edýär


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon birnäçe meseleler barada gepleşikleri geçirmek üçin Moskwa bardy. Saparyň dowamynda Rahmonyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Penşenbe güni geçiriljek duşuşygyň gün tertibinde Russiýadaky täjik zähmet migrantlarynyň ýagdaýy, Täjigistandaky energiýa proýektlerine Russiýanyň gatnaşyşy, Russiýanyň Täjigistandaky 201-nji harby diwiziýasynyň ulanylyşyny giňeltmek ýaly meseleler bar.

Şeýle-de, 2014-nji ýylda Owganystandaky daşary ýurt güýçleriniň ýurtdan çykmagy bilen Merkezi Aziýada döräp biläýjek howpsuzluk ýagdaýlary barada hem gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

Täjik prezidenti Emomali Rahmon bilen birlikde Russiýa sapar edýän täjik ýolbaşçylarynyň arasynda Täjigistanyň goranmak ministri, ykdysady ösüş we söwda ministri, energetika we senagat ministri bar.
XS
SM
MD
LG