Sepleriň elýeterliligi

Ýokary okuw: Para böwedi haçan böwsüler?


Türkmen studentleri

Türkmen studentleri

Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna giriş ekzamenleri başlanýar. By synaglar mekdebi tamamlan 100 müň çemesi okuwçynyň, şeýle-de öňki ýyllarda okuwa girip bilmedik ýaşlaryň arasyndan iň ýokary taýýarlykly oglan-gyzlaryň 6 müň gowragyny seçip almaly.

12-nji iýulda geçen hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedowyň hem tabşyryşy ýaly, ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek işi aç-açanlyk ýagdaýynda, hiç bir ýaramaz hadysa ýol bermän geçirilse, zehinli ýaşlaryň okuwa kabul ediljegine hiç bir şek bolup bilmez.

Emma geçen ýyllaryň tejribeleri, ýurt içinde okuwa girip bilmän, daşary ýurtlara okuwa gidýän ýaşlaryň ýyl-ýyldan köpelmegi Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda entek zähmetsöer, hakyky okajak ýaşlara emeli kynçylyklaryň az döredilmeýändigini tassyklaýar.

Eýsem zehinli ýaşlaryň, ýurduň geljekki liderleriniň öňüne böwet bolýan, ýalta, soňky gün özi hem eli egrilik etjek ýaşlara giň ýol açýan para, tanyşparazlyk, garyndaşparazlyk böwedini nädip böwüsmeli?

Bu meselä bagyşlanan ýörite söhbete Aşgabatdan ýerli synçy, ozalky mugallym Nurberdi Nurmammet, Türkeýeden student Bahar we žurnalist Döwlet Baýhan gatnaşdy.

Söhbeti diňläp, pikirleriňizi ýazsaňyz, hoşal bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG