Sepleriň elýeterliligi

Snowden aeroportdan çykdy


Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugynyň öňki işgäri Edward Snowdene kömek edýän orsýetli aklawçy Snowdeniň aeroportdan çykandygyny aýtdy. Snowden 1 aýdan gowrak wagt bäri Moskwanyň Şeremetýewo aeroportynda gizlenýärdi.

Akalwçy Anatoliý Kuçerena žurnalistlere beren maglumatynda, penşenbe güni Snowdene Russiýada 1 ýyllyk wagtlaýyn gaçybatalga berlendigi hakynda dokument gowşurylandan soň, onuň aeroporty terk edendigini mälim etdi.

Şeýle-de, Kuçerena Snowdeniň nämälim howpsuz ýere gidendigini sözüne goşdy.
Birleşen Ştatlar Snowdeni ABŞ-nyň gizlin gözegçilik programmalary baradaky dokumentleri syzdyranlygy üçin, içalyçyk aýyplamalary bilen gözleýär.

Edward Snowden 23-nji iýundan bäri Moskwanyň “Şeremetewo” aeroportynda ýaşaýardy. ABŞ onuň pasportyny güýçsiz diýip yglan edenden soň, Snowden Russiýadan wagtlaýyn gaçybatalga sorapdy.
XS
SM
MD
LG