Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Üç dogan


Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy
Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy
Türmede oturany çyn

Bir gezek Pyhy Tagan türmede gören horluklaryny gürrüň berip, türmede ýazan goşgusynyň:
Jebir-sütem çensiz gaty,
Nan ornuna berýär oty,
Alagaýyş bedew aty,
Münmänime kän ýyl boldy

-diýen bendini-de okady. Gürrüňi diňleýänleriň arasynda Pyhy Taganyň agasy Dileg aga-da bardy. Ol:

-Türmede oturany çyn, ýöne "Bedew aty münmänime kän ýyl boldy" diýýänine ynanmaň! Çaga wagtymyz çybygy at edinip oýnamyzda-da Pyhynyň çybyk aty bolmazdy. Mydama "Dileg, atyň ardyna mündürsene!" diýip ýalbarardy -diýdi.

Ganojak bolup çykýar

Bir gezek goňşy obadan toýa geleniň biri:

- Öwünmek üçin aýdamok, bilip goýuň diýip aýdýan, batyrlykda bu jelegaýda meniň deňim-taýym ýokdur -diýip güpläpdir. Toýa gelen başga bir içi güjükli dünýäni undup, nahar iýýän pyýada tarap ümläp:

- Beýle batyr bolsaň, ho-ol, nahar iýip oturanyň kellesinden telpegini al-da! -diýipdir. Goňşy obadan gelen batyr nahar iýip oturanyň kellesinden telpegini sypyrýar. Telpegi alynan gyndan jöwher pyçagyny gykaryp, telpegini alana topulýar. Goňşy obaly "batyr" toýhana ýygnanan märekäniň daşyndan aýlanyp gaçyp ugraýar. Oňa telpek almagy teklip eden:

- Aýagyňa ganat beklenen ýaly gaçyp ýörşüňi görüp, "batyrdygyňa" ynandyk -diýýär. Goňşy obadan toýa gelen eli jöwher pyçaklydan gaçyp ýörşüne:

- Batyrdygym çyn, ýöne maňa sataşan ganojak bolup çykýar -diýipdir.

Üç dogan

Uruş ýyllary jenaýat işinde aýyp bildirip, 3 dogany türmä basýarlar. Üçüsini-de bir türme kamerasyna ýerleşdirýärler. Doganlaryň ýaşkiçisi:

- Hökümetde adalat ýok. Şol jenaýat üçin birimizi türmä basanda-da bolýardy -diýip zeýrenýär. Doganlaryň ýaşulysy:

- Samsyk bolma! Häzir uruş gidýär. Adamlaň köpüsi urşa alyndy. Adamlar birek-biregiň hatyna zar. Ýurtda açlyk. Çörek atly, adamlar pyýada. Başymyz jem, üç dogan bolup bir kamerada otyrys. Birek- biregiň didaryna zar bolmak aladamyz ýok. Iýmek-içmek bilen hökümet üpjün edýär. Hökümete sögünme, oňa alkyş oka! Uruş ýatýança türmeden çykmazlygyň alajyny edeliň. Sen çalbeýni samsyk -diýip, inisine käýäpdir.

Men gitjek däl

Ir döwürde bir baý adam sahawat edip, ýer urup, ýerde galan ýetim çopanyny öýlendirýär. Toýdan soňra bir hepde geçýär. Baý öýlenen çopanyň adyny tutup:

- Oba geler-gider durar, häzir bolsa çöle, bakýan sürüsine gitsin -diýýär. Bu habary çopana ýetirýärler. Deň-duşundan giç öýlenen, gelin gujagynyň hözirini gören çopan:

- Baý aga aýdyň, maňa ýene-de bir hepde puryja bersin. Men häzir çöle gitjek däl -diýýär. Onuň aýdanyny baýa ýetirýärler. Çopanyň ýagdaýyna düşünen baý mys-mys gülýär. Soňra-da:

Bir hepde diýýäni bolmaz. Gelnine aýdyň, azyk-suwlugyny jemlesin, şu gün çöle gitsin -diýýär. Gelin baýyň görkezmesini berjaý etmegiň ugruna çykýar. Baýyň häsiýetine belet çopan çöle gitmeli boljakdygyna magat göz ýetirse-de azyk-suwlugy goş torba salýan gelnine:

- Men-ä çöle gitjek däl, ýöne torba salýan azyk-suwlugyň çöle gitjege az bolar -diýip, eşekden ýykylanyň hüňňürdisini edipdir.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG