Sepleriň elýeterliligi

Snowdene gaçybatalga berildi, ABŞ lapykeç


Orsýet ABŞ-nyň ozalky aňtaw işgäri E.Snowdene gaçybatalga berdi. 1-nji awgust, 2013.

Orsýet ABŞ-nyň ozalky aňtaw işgäri E.Snowdene gaçybatalga berdi. 1-nji awgust, 2013.

Orsýetiň häkimiýetleri bir ýyllyk gaçybatalga bermek kararyna gelenlerinden soň, ABŞ-nyň öňki aňtaw analitigi Edward Snowden anna güni Orsýetde erkin ýaşamaga başlady.

Waşingtonda Ak tam Orsýetiň bu kararyndan aňrybaş derejede lapykeç bolandygyny aýtdy.

Sözçi Jeý Karniý Ak tamyň prezident Barak Obama bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň güýzde planlaşdyrylan sammitiniň geçirilmelidigi ýa däldigi baradaky meselä gaýtadan garaýandygyny aýtdy.

Planlaşdyrylan sammit bolarmy?

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Mari Harf Waşingtonda Karniniň aýdan sözleri barada žurnalistlere düşündiriş berdi:

"Biz Orsýetiň hökümeti bilen gürleşmeli zatlarymyzyň giň toplumyny taýýarladyk. Bilşiňiz ýaly, Owganystan, Eýran sanksiýalary, beýleki ýerler bilen bagly, biziň bilelikde işlemeli bir topar meselämiz bar. Emma biziň juda berk ylalaşmaýan ýerlerimiz hem bolýar. Meniň pikirimçe, bu günki hereket, Ak tamdaky kärdeşlerimiň hem aýdyşy ýaly, aňrybaş derejede lapykeç edýär. Onsoň, olaryň şeýle hereket etmegi bizi gatnaşyklaryň nä haldadygyna, sammit geçirmegiň manysynyň bolup-bolmajagyna nazar aýlamaly edýär.”

Harf amerikan resmileriniň Orsýetiň Snowdene gaçybatalga bermek kararyna gelýändigi barada öňünden habarly edilmändigini aýtdy.

Şeýle-de ol Waşington bilen Moskwanyň iki ýurduň hem bähbitlerine bolan meselelerde bilelikde işlemeklerini dowam etdirmelidigini aýtdy.

“Meniň pikirimçe, biz we prezident Putiniň özi biziň bu meseläniň ikitaraplaýyn gatnaşyklara giň gerimde ýaramaz täsir ýetirmeginiň islenmeýändigini gaty açyk aýtdyk, sebäbi biziň bile işleýän ýerlerimiz bar. Ol ýerlere Owganystan, Eýran sanksiýalary, öz ýadro arsenallarymyzy azaltmak bilen bagly meseleler girýär. Onsoň biziň ikimiz hem munuň aýratynlykda çemeleşmek isleýän bir zadymyzyň mysalydygyny, onuň biziň tutuş gatnaşygymyza ýaramaz täsir ýetirmegini islemeýändigimizi örän açyk aýtdyk. Aýdylyşy ýaly, bu hakykatdanam lapykeç ediji ädim boldy.”

Snowdeniň bolýan ýeri aýdylmaýar

Snowdeniň aklawçysy Anatoliý Kuçerena Snowdeniň penşenbe güni Moskwanyň Şeremetýowa uçar meýdanynyň geçiş zonasyny terk edendigini we Orsýete resmi taýdan girendigini aýtdy.

Ol Snowdeniň indi dünýäde iň bir yzarlanýan adamdygyny we onuň bolýan ýeri barada gürrüň etmegiň howply boljagyny aýdyp, ABŞ-nyň ozalky aňtaw analitiginiň anyk nirede ýerleşýändigini aýtmakdan saklandy.

Snowdeniň bir ýyllyk gaçybatalgasy kesgitsiz uzaldylyp bilner. Şeýle-de onuň Orsýetden raýatlyk soramaga-da hukugy bar.

Waşington Snowdeniň Orsýetden ekstradisiýa edilmegini isleýär, bu onuň Birleşen Ştatlaryň internet we telefon gözegçiligi boýunça uly göwrümli programmalary barada žurnalistlere maglumat syzdyranlygy zerarly sud öňünde içalyçylyk aýyplamalaryna jogap bermegi üçin gerek.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG