Sepleriň elýeterliligi

Snowden: ABŞ karara reaksiýa bildirdi


Anna güni Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugynyň öňki işgäri Edward Snowden Russiýanyň çäklerinde erkin ýaşamaga başlady. Penşenbe güni Russiýa oňa bir ýyllyk gaçybatalga beripdi.

Ak tam bolsa, Russiýanyň gelen bu kararyna “düýbünden gynandyryjy” diýdi.

Şeýle-de Ak tamyň metbugat wekili Jeý Karneý, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda güýzde geçirilmegi planlaşdyrylýan duşuşygyň bolup-bolmajagynyň gaýtadan gözden geçirilýändigini aýtdy.

Snowdeniň aklawçysy Anatoli Kuçerena, penşenbe güni Snowdeniň Moskwanyň aeroportynyň tranzit zonasyny terk edendigini we resmi ýagdaýda Russiýanyň territoriýalaryna girendigini mälim etdi.

Aklawçy Snowdeniň dünýäniň iň köp gözlenýän adamydygyny aýdyp, onuň häzirki wagtda nirededigini mälim etmejekdigini belledi.

Snowdeniň 1 ýyllyk gaçybatalgasynyň möhleti kesgitsiz uzaldylyp bilner. Şeýle-de ol Russiýanyň raýatlygyna hem ýüzlenip bilýär.

Birleşen Ştatlar Snowdeni ABŞ-nyň gizlin gözegçilik programmalary baradaky dokumentleri syzdyranlygy üçin, içalyçyk aýyplamalary bilen gözleýär.
XS
SM
MD
LG