Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Inaugurasiýada döwlet liderleri az bolar


Hassan Rohany. 2013 ý.

Hassan Rohany. 2013 ý.

Eýran häkimiýetleri Hasan Rohanynyň prezidentlik inaugurasiýasyny dabaraly geçirmek üçin ellerinden gelenini edýärler.

Aýdylyşyna görä, 4-nji awgustda kasam edişlik dabarasyna gatnaşmaga Tährana gelmekleri üçin dünýä liderlerine çakylyk iberilipdir. Ýurduň häkimiýetleri Tährana 200 žurnalistiň gelmegine garaşýandyklaryny mälim etdiler. Olaryň 50 sanysy 16 ýurtdan bolan media neşirleriniň wekilleri.

"Möhüm myhmanlar"

Ýöne, dabara sanlyja gün galandygyna garamazdan, möhüm myhmanlaryň sanawy o diýen uzyn däl. Munuň sebäbi hem Eýranyň iň ýakyn ýaranlarynyň käbirleriniň-de dabara öz döwlet baştutanlaryny ibermezlik kararyna gelendigi.

Eýran resmileriniň aýtmagyna görä, iberilen çakylyklara azyndan 40 döwlet oňaýly jogap beripdir. Geljekleriň arasynda 10 prezident bilen 3 premýer-ministr bar.

Dabarada Orta Aziýa doly wekilçilik edilýär. Regionyň 5 döwletinden 4 prezidentiň Rohanynyň inaugurasiýasyna gatnaşmak üçin Tährana barmagyna garaşylýar. Bular Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň prezidentleri.

Goňşy Owganystan bilen Pakistan hem öz döwlet baştutanlaryny ibererler.

Sanaw şeýle-de Eýranyň baş ýarany Liwanyň we Ermenistanyň prezidentlerini hem öz içine alýar. Onda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Jan Eliasson-da bar.

Ýaranlar

Ýöne bu dabarada Eýranyň ýakyn ýaranlarynyň käbirleriniň, şol sanda Orsýet bilen Siriýanyň-da döwlet baştutanlary bolmaz.

Siriýanyň graždanlyk urşy bilen başagaý prezidenti Başar al-Assad özüniň premýer-ministri Wael Nader al-Halkyny iberjekdigini aýdypdyr.

Prezident Wladimir Putiniň hem öňümizdäki hepdelerde Eýrana sapar etmegine garaşylýar. Ýöne ol Rohanynyň kasam edişlik dabarasyna gatnaşmaz. Orsýete ýa Dumanyň başlygy Sergeý Naryşkin bolar ýa-da Orsýetiň Eýrandaky ilçisi wekilçilik eder.

Eýranyň beýleki ýaranlary bolan Belarus, Wenesuela we Boliwiýa özleriniň kimi iberjekdiklerini entek mälim edenoklar.

Bu dabarada asla bolmajakdygy belliler - Birleşen Ştatlar bilen Ysraýyl. Bular çagyrylanok. Ýewropalylar hem dabaradan gaça durjaga meňzeýärler. Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşiginde ylalaşylan tutum – dabara diňe Eýrandaky diplomatlaryň gatnaşmagy.

Eýranyň öz içinde hem parlament wekilleriniň arasynda kimler çagyrylmaly, kimler çagyrylmaly däl diýen çekişme bar. Wekilleriň käbiri öňki reformaçy prezident Mohammad Hatemi dabarada bolmalymy ýa bolmaly däl diýen soragy orta atdylar. Beýlekiler bolsa öňki prezidentleriň hemmesi bolmaly diýýärler.

Eýranda kasam edişlik dabarasy parlamentde geçýär. Oňa, adat boýunça, resmiler we şol ýerdäki daşary ýurtly diplomatlar gatnaşýarlar. Dabara jemgyýetçilige açyk däl.
XS
SM
MD
LG