Sepleriň elýeterliligi

Liwan: Beýruta iki raketa düşdi


Liwanyň paýtagty Beýrut şäheriniň günortasyna iki raketa hüjümi amala aşyryldy. Bu barada Liwanyň döwlet telewideniýesi habar berýär.

Maglumatlara görä, hüjümiň amala aşyrlan territoriýasynda Liwanyň Goranmak ministriniň binasy we prezidentlik köşgi ýerleşýär.

Penşenbe güni gije Beýrutyň Faýdiýýeh regionyna düşen bu raketa hüjüminde ölenleriň sany barada henize çenli maglumat berilmeýär.

Bu soňky iki aýyň dowamynda Beýrutyň günortasyny nyşana alan ençeme hüjümleriň iň soňkusydyr. Şeýle-de, hüjümleri kimiň amala aşyrandygy barada häzire çenli maglumat berilmeýär.

Beýrutyň günortasyna amala aşyrylan bu raketa hüjümi, Liwanyň prezidenti Mişel Süleýman penşenbe güni geçiren metbugat ýygnagynda, “Hizbullahyň ulanýan ýaraglarynyň döwlet kontrollygyna geçirilmeginiň wagty geldi” diýmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG