Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ: Ýekşenbe güni käbir ilçihanalar ýapylar


Birleşen Ştatlar, gelip gowuşan nämälim howp sebäpli ýekşenbe güni käbir musulman ýurtlaryndaky ilçihanalaryny we konsulhanalaryny ýapjakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti penşenbe güni ýaýradan maglumatynda, bu çäräniň ätiýaçlyk üçin edilýändigini belledi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Marie Harfyň çap eden maglumatynda, daşary ýurtlardaky amerikan edaralarynyň ählisine howp abanýandygy bellenýär.

Şeýle-de, Harfyň maglumatynda ABŞ-nyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň käbirleriniň bir günden hem köp ýapylmagynyň mümkindigi nygtalýar.

Ýekşenbe güni ABŞ-nyň musulman ýurtlaryndaky diplomatik edaralarynyň köpüsi üçin iş güni hasaplanýar. Emma ABŞ-nyň Ýewropadaky, Latyn Amerikadaky we dünýäniň başga-da ençeme ýurtlaryndaky diplomatik edaralary üçin bolsa, ýekşenbe güni dynç günüdir.
XS
SM
MD
LG