Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Protestler dowam edýär


Müsüriň häkimiýetden agdarylan yslamçy prezidenti Muhammet Morsiniň tarapdarlary protestleri bes etmek baradaky çagyryşlary ret edýärler.

Yslamçy demonstrantlar penşenbe güni gijäň ýaryna çenli köçelerde oturyp protestleri geçirdiler we hökümetiň protestleri bes etmäge çagyryş edýändigine garamazdan, olar anna güni hem öz demonstrasiýalaryna dowam etjekdiklerini mälim etdiler.

Protestçiler anna güni daňdana çenli “Tä ölýänçäk durarys” diýen şygarlary gegyrdylar.
3-nji iýulda Müsüriň harbylary Morsini häkimiýetden agdaraly bäri köçelerde dörän ýowuzlyklarda 260-dan gowrak adam öldi.

Mundan ozal adam hukuklaryny goraýan toparlar, aktiwistler we bäsdeş syýasatçylar Müsüriň harbylarynyň protestçilere garşy ulanýan zorluklarynyň öňüni almaga synanyşdylar.
XS
SM
MD
LG