Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝOJ: 27,426 adam synaga gatnaşýar


Synag tabşyrmaga gelen bir türkmen gyzy.
Synag tabşyrmaga gelen bir türkmen gyzy.
Türkmenistanda Ýokary okuw jaýlaryna we hünärmentçilik mekdeplerine dokument kabul ediş döwri tamamlanyp, giriş synaglary başlandy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, 15-29-njy iýul aralygynda dowam eden resminama kabul ediş döwründe, Ýokary okuw jaýlaryna (ÝOJ) jemi 27 müň 426 adam resminama tabşyrypdyr.

24-nji awgusta çenli dowam etjek giriş synaglarynyň netijesinde ýurduň ÝOJ-laryna jemi 6 müň 100 oglan-gyz kabul ediler. Türkmen resmileriniň belleýşi ýaly, bu san geçen ýylky görkezijiler bilen deňeşdirilende 334 adam köpdür. Şeýlelikde bu ýyl her bir talyp ornuna 4-5 abituriýentiň dalaş edýändigi nygtalýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň (TDH) getiren maglumatynda, şu ýyl ýurduň Ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde diýen ýaly kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylandygy bellenilýär.

2013-nji ýylda Türkmenistanyň ÝOJ-laryna kabul ediljek talyp sany:
t/b ÝOJ ady Talyp sany
1 Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 855
2 Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti 450
3 Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 510
4 Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 285
5 Türkmen döwlet nebit we gaz instituty 407
6 Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 538
7 Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 420
8 Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty 390
9 Türkmen döwlet maliýe instituty 180
10 Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty 60
11 Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 260
12 Türkmen oba hojalyk instituty 215
13 Halkara türkmen-türk uniwersiteti 550
14 Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk instituty 315
15 Türkmenistanyň döwlet energetika instituty 275
16 Türkmen döwlet medeniýet instituty 170
17 Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy 90
18 Türkmen milli konserwatoriýasy 130
Şeýle-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda açylan iki sany – “Umumymilli iýmitlenşi dolandyrmak” we “Ykdysady howpsuzlyk” – bölümleriniň her birine 15 talyp kabul ediler.

Şu ýylyň hasabyna orta hünärmentçilik mekdeplerine arza beren oglan-gyzlaryň sany 13 müň bolupdyr. Resmi maglumatda ýurduň 37 sany orta hünärmentçilik okuw jaýyna jemi 6 müň 522 adamyň kabul ediljekdigi aýdylýar. TDH bu sanyň geçen ýylky bilen deňeşdirilende 747 adam köpdügini hem belläp geçýär.

Şeýle-de 2013-nji ýylda ýurduň başlangyç hünärmentçilik mekdeplerine 30 müň töweregi adam kabul ediler.

TDH-niň berýän maglumatyndan çen tutulsa, onda şu ýyl mekdepden jemi 98 müňe golaý oglandyr-gyz uçurym bolupdyr. Olaryň hataryndan 42,6 müňüsiniň (43%-e golaýynyň) ýurduň başlangyç we orta hünärmentçilik mekdeplerine we ÝOJ-laryna kabul ediljekdigi aýdylýar.

Belläp geçsek, şu ýyldan tapawutlylykda, ozallar resmi Aşgabat ýokary okuw jaýlaryna kabul ediş kampaniýasy bilen baglylykda çäklendirilen görnüşdäki maglumatlary berýärdi.

Şol bir wagtda daşarda öz hasabyna okaýan ýa-da döwlet tarapyndan ugradylan türkmen talyplary baradaky takyk statistiki maglumat häzirlikçe elýeterli däl.
XS
SM
MD
LG