Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan: aýal-gyzlar "gyzlyk barlagyna" garşy


"Gyzlyk barlagyna" garşy protest, Tbilisi, 30-njy iýul, 2013.

"Gyzlyk barlagyna" garşy protest, Tbilisi, 30-njy iýul, 2013.

Gürjüstanly aýal-gyzlar durmuşa çykýan gyzlaryň “gyzlyk perdesiniň” barlanmagyna protest hökmünde kampaniýa başladylar.

Häzirki wagtda, eger-de öýlenjek ýigit alýan gyzynyň namysyny saklap gezendigini resmileşdirmek islese, onda gyzlar öz islegi bilen etdirýän testleriniň tölegini töleýärler. Ýöne, tankytçylaryň aýtmagyna görä, prosedura pese gaçyp barýar we 21-nji asyrda Gürjastanda gyzlyk perdeleriniň barlanmagynda takyk testler hem netije bermän bilýär.

Nino Trahnaşwili gyzlyk perdesi barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gürji gullugyndan habar berýär.

Köpleriň pikirine görä, sosial taýdan konserwatiw Gürjüstanda gyzlaryň gyzlyk perdesi entegem aýratyn ähmiýetli hasaplanýar.

Muňa garamazdan, gyzlyk perdesiniň test-barlaglary özbaşyna aýratyn gürrüň.

Gürjüstanyň “Imedi” telewizion kanalynda çykan soňky habarlar protestlere sebäp boldy. Sebäbi onda aýdylmagyna görä, Gürjüstanyň milli ekspertiza býruosy her ýylda 200 sany gyzlyk testini geçirýär.

Habarlarda ekspertizanyň saglyk gullukçysy prosesiň nähili amala aşyrylýandygy barada gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, maňlaýy çyraly üç sany lukman ýönekeý ginekologiki enjam bilen ýaş gyzyň jynsy gatnaşyk edip–etmänligini bildirýän gyzlyk perdesiniň abatdygyny ýa-da zaýalanandygyny barlaýarlar.

Aýallar nägileliklerini bildirýärler

Ýaýlyma goýberilen habardan soň ýüzlerçe gürjüstanly şeýle tejribäni ýazgarmak üçin sosial media üýşdüler. 30-njy iýulda bolsa gruziýaly aýallar öz nägileliklerini bildirmek üçin saglyk barlag merkeziniň öňünde jemlendiler.

Bu protest çäresini “Garaşsyz feministler” toparynyň agzasy Natia Gwianişwili gurnady. Onuň aýtmagyna görä, gürjüstanlylaryň “gyzlyk instituty” diýip atlandyrýan masgaraçylygyndan ýüz öwürmegiň wagty geldi. Şeýle-de ol indiden beýläk Gürjüstanda gelejekde gelin boljak we eje boljak zenanlaryň namysy olaryň “gyzlyk testine” bagly bolup galmaly däl diýip nygtady:

“Biz ekspertizanyň jaýyna şeýle hyzmatyň bes edilmegine çagyryş etmek üçin ýygnandyk. “Gyzlyk perdesi” diýen düşünjeden ýüz öwürmegiň düýp manysy – [jemgyýetde] aýalyň jynsy taýdan özüni alyp barşyna bolan garaýyş erkegiň jynsy gatnaşyga bolan garaýşy bilen deňhukukly bolmaly.”

Wideoýazgy: Gürji aýallary "gyzlyk" barlagyna garşy


“Imedi” kanalynyň habarlarynda, onuň öz işgärleriniň hem agzalyp geçilendigine garamazdan, iýulda ekspertizanyň öz resmi saýtynda 30 sany habar goýlupdyr. Onda gyzlyk testiniň barlaglary, haçan-da suddan jynsy zorlama bilen bagly kagyz getirilende, olar gyzlyk testini edýän ekenler. Beýlekilere gyzlyk barlagy geçirildi diýip, kepillik kagyz bermeýän ekenler.

“Imediniň” habaryna görä, gyzlyklaryny tassykladyp, kepillik kagyzyny aljak ýaş gyzlar ýa ejesi bilen, ýa barjak oglany bilen, ýa-da bolmasa geljekki gaýnenesi bilen bu ýere gelip, 100-den 200 amerikan dollaryna çenli töleg töläp, özleriniň zaýalanmadygyny subut etmek üçin, agzalan barlagdan geçýän ekenler.

Gyz “gyz” bolmasa...

Barlagda eger gyzlyk perdesiniň barlygy subut edilmese, onda toý çäresi hem ýatyrylýar we maşgalalar biri-biri bilen gatnaşygyny kesýärler.

Gyzlyk perdesiniň abat bolmagy şeýle bir ähmiýetli welin, bu synagdan geçip bilmedik gyzlar toýdan öň hirurga ýüz tutmaly bolýarlar. Ýöne gyzlyk perdesini öňküsi ýaly edip dikeltmek gaty gymmada düşýär.

Bir hirurgyň aýtmagyna görä, 40 ýaşly bir aýal ikinji sapar durmuşa çykmaklyk üçin oňa ýüz tutupdyr we ol hemonuň gyzlygyny gaýtadan dikeldip, tikip beripdir.

Tankytçylaryň aýtmagyna görä, bu gaty elhenç ýagdaý we toý gijesinden soň ganly mata bölegini çykaryp, ile görkezmek gadymy döwürlerden galan däp-dessurdyr.

Jan ýakýan “ikiýüzlülik”

Beýleki adamlar jemgyýetde dowam edýän bu ikiýüzlülige janlaryny ýakýarlar. Bu ikiýüzlülik aýalyň gyzlyk perdesine üns berip, erkeklere öýlenmezden öň başga biri bilen ýatmaga rugsat berýär.

Protestçi filosofiýa professory Tata Tsopuraşwiliniň aýtmagyna görä, şeýlelikde erkekler köplenç ýagdaýda küntüler bilen jynsy gatnaşyk edýärler we bu tejribe hem ömür dowam edýän zyýanly netijelere getirýär. Tata bu hakda şeýle diýýär:

“Erkeklerem şu gyzlyk barlagyndan jebir çekýärler we däp-dessurlardan ýadadylar. Sebäbi olar söýen gyzlary bilen bile bolmak hukugyndan mahrum. Olar muňa derek ýeňles zenanlar bilen ýatmaly bolýarlar”.

Gyzlyk perdesiniň barlanmagyna garşy gidýän protestçiler BMG-ä agza bolan gruzin hökümetini adamlary ala tutmagy bes etmäge çagyrýarlar. Hiç bir bedeniň çekeleşikli gyzlyk barlagyna sezewar edilmegine rugsat bermeli däl diýýärler.

“Yzagalaklygyň” alamaty

Käbir resmiler gyzlyk perdesiniň barlanmagynyň demokratiýa tarap barýan Gürjüstan üçin bökdençlik diýýärler. 31-nji iýulda çykyş eden adalat ministri gyzlyk perdesiniň barlag testlerini “yzagalaklygyň” alamaty diýdi.

Ýöne munuň bilen Guguli Maagradze – parlamentiň Saglyk boýunça komitetiniň Gürjüstanyň jynsy deňlik mejlisiniň agzasy razylaşmady. Ol şeýle diýýär: “Eger-de şeýle hyzmata mätäç bolsak, muny hökümet gadagan edip bilmez”.

Gyzlyk perdesi barada çekeleşýänler entekler az däl. Bu gürjüi ortodoks buthanasynyň-da alyp barýan ýörelgesiniň bir ugry we jemgyýetdäki erkeksireýän erkekler üçin niýetlenen bir baýraga meňzeýär. Bu hem sosial kesellere ýol açdy, olardan käbirleri: kämillik ýaşyna ýetmän durmuşa çykmaklyk, aýrylyşmaklyk we durmuşa çykyp, aýagy agyr bolany üçin mekdebi terk edýän ýaş gyzlaryň sanynyň ýokarlanmagy.

Halkyň soňky gyzyklanmasy şeýle umytlary döredýär:
- has gowy seks terbiýesi we aýallaryň seks boýunça liberal garaýyş.

Ýöne häzir ýaş gürjiler gyzlaryň gyzlyk perdesi we toýdan öň seks bilen meşgullanmak baradaky durmuş ornunda ikä bölündi.

Ine olaryň käbiri:

“Bir gyz eger toýdan öň gyzlyk perdesini zaýalatsa, onda ol edepliligini ýitirýär.”

“Bu bir şahsy saýlaw. Her kim isleýşiçe bolubermeli.”

Tbilisiden ikinji bir aýal: “Jemgyýet we asla döwlet adamyň şahsy işine burnuny sokmaly däl”.

Tbilisiden ýaş adam şeýle diýýär: “Men gyzlyk perdesini zaýaladan gyza öýlenmerin”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG