Sepleriň elýeterliligi

Rohani prezidentlige başlaýar


Eýran täze saýlanan prezident Hassan Rohaniniň inagurasiýasyny geçirýär.

Tähranda hepde ahyryna bellenen dabara başlandy. Rohani bu gün, resmi patasyny almak üçin, ýokary ruhy lider aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşýar.

Eýranyň konstitusiýasy esasynda, Rohaniniň dört ýyllyk prezidentlik möhleti şol patadan başlanýar. Hameneýiniň gysga söz sözlmegine garaşylýar.

Şenbe güni geçirilýän dabarada möhleti gutarýan prezident Mahmud Ahmedinejadyň gürlejegi ýa-da täze prezident Hassan Rohaniniň çykyş etjegi anyk aýdylmaýar.

Rohani ýekşenbe güni eýran parlamentiniň öňünde, dünýäniň 52 ýurdundan gelen ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagynda prezidentlik kasamyny kabul eder.
XS
SM
MD
LG