Sepleriň elýeterliligi

Batan gäminiň 32 ýolagçysy tapylmaýar


Malaýziýa häkimiýetleri batan gäminiň azyndan 32 ýolagçysynyň tapylmaýandygyny aýdýarlar.

Olar musulmanlaryň agyz bekleýän Oraza aýynyň aýagynda öýlerine dolanyp gelýän işçiler eken.

Malaýziýanyň serhet goragçylary, polisiýasy we balykçylary şenbe güni irden çöken gäminiň 8 ýolagçysyny halas etdiler.

Ol gämi gije ýarym töwereginde güýçli tolkunlaryň zarbasyna tap getirmän, gapdala agdarylypdyr.

Işçiler geljek hepde Ramazan aýynyň soňlanmazynyň öňüsyrasy Indoneziýanyň Batam adasyna syýahat edipdirler.
XS
SM
MD
LG