Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minsk hukukçyny boşatmaga çagyrylýar


Birleşen Ştatlar Belarusy adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Ales Býalýatskini, ýurtdaky beýleki syýasy tussaglar bilen bilelikde, derhal azatlyga goýbermäge çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Mari Harf bu çagyryşy Býalýatskiniň tussag edilmeginiň ikinji ýyl dönüminiň öňüsyrasynda çap etdi.

Ol Býalýatskini syýasy represssiýanyň pidalaryny goldamakda, Belarusdaky hukuk bozulmalarynyň katalogyny düzmekde iden işleri üçin öwdi.

Biraz öň BMG-niň ýörite dokladçysy Miklos Harasti bu tussaglygyň dowam etmegi adam hukuklaryny goraýžylaryň garşysyna edilýän repressiýanyň bir simwoly diýdi.

Býalýatskiý "Ýaz" adam hukuklary guramasyna ýolbaşçylyk edýärdi.

Ol 2011-nji ýylda salgytdan gaçdyň diýlip, dört ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Hukuk goraýjynyň tarapdarlary bu aýyplamanyň syýasy äheňlidigini aýdýarlar. Halkara günä geçiş guramasy ony wyždan ýesiri diýip yglan etdi.
XS
SM
MD
LG