Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 22 polis öldürildi


Gündogar Owganystanda 20-den gowrak polisiýa işgäri, onlarça talyp söweşijisi öldürildi.

Nangarhar welaýatynyň polisiýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Masum Han Haşemi dört-bäş sagada çeken söweşiň anna güni başlanandygyny, ýüzlerçe "Talyban" soweşijisiniň harby konwoýy gabandygyny gürrüň berdi.

Howpsuzlyk güýçleri "Talyban" soweşijileri tarapyndan haýbat atylýan syýasatçyny halas edip, yzlaryna dolanyp gelýän eken.

Haşemi 22 sany polisiýa işgäriniň wepat bolandygyny, 60 sany talyp söweşijisiniň öldürilendigini aýtdy.

Ol syýasatçy halas edilende hem 16 pitneçiniň öldürilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG