Sepleriň elýeterliligi

Bizden takmynan 40 ýagtylyk ýylyna deň uzaklykda ýerleşýän “55 Leňňeç” ençeme ýyl bäri astronomlaryň ünsüni özüne çekip, olary gyzyklandyryp gelen ýyldyz.

Onuň töwereginde şu wagta çenli jemi 5 planeta tapyldy. Bularyň arasynda hem öz merkezi ýyldyzyna (Gününe) iň ýakyny - “55 Leňňeç e”. Radiusy boýunça Ýeriň iki essesine, massasy bounça hem biziň planetamyzyň 8 essesine deň bolan “55 Leňňeç e” super-Ýer diýip atlandyrylýan planetalaryň hataryna girýär.

Bu planetany dolurak öwrenmek boýunça ozal hem käbir işler edilipdi, ýöne täzelik, ýaňy golaýda geçirilen barlaglaryň görkezmegine görä, onuň ep-esli böleginiň göwherden durýanlygydyr.

“Biz öz Ýerimizden bütinleý başgaça himiki düzümi bolan bir berk planetany ilkinji gezek görýäris” diýip, Yale uniwersitetinden (Birleşen Ştatlar) Nikku Madhusudhan aýdýar. “Bu planetanyň üstüniň suwdur granitden däl-de, grafitdir göwherden durýan bolmagy mümkin”.

Super-Ýer

Bir super-Ýer, ýagny biziň planetamyzdan uly, ýöne Neptun we gaz “läheňi” Ýupiterden has kiçi bolan “55 Leňňeç e” astronomik ölçegler boýunça biziň duldegşir goňşymyz. Ol bizden takmynan 40 ýagtylyk ýylyna deň uzaklykda “Leňňeç” zodiakal ýyldyzlar toplumynda ýerleşýär. Radiusy Ýeriň iki essesi, agyrlygy onuň 8 essesi bolan bu planeta öz merkezi ýyldyzynyň daşyndan aýlanyp çykmak üçin 18 sagat wagt gerek bolýar. Diýmek, onuň bir ýyly biziňki ýaly 365 gün däl-de, diňe 18 sagat. Öz “Güni” bilen arasy örän ýakyn bolany üçin onda höküm sürýän temperatura 2000 gradusdan ýokarydyr diýip çaklanýar.
Göwher planetanyň suraty

Göwher planetanyň suraty


“55 Leňňeç e” 2004-nji ýyldan bäri astronomlara tanyş planeta bolsa-da, öz ýyldyzynyň öňünden geçende (tranzit) oňa gözegçilik edip, onuň radiusyny kesgitlemek soňky wagtda başartdy. Kosmos teleskopy “Spitzer” hem ýaňy-ýakynda bu planetanyň infragyzyl şöhlelenmesine gözegçilik edip bildi.

Gazanylan bu täze maglumatlaryň kömegi bilen Madhusudhan bilen onuň kärdeşleri bu uzak dünýäniň himiki düzümi barada köpräk maglumat edinmäge synanyşypdyrlar. Olar kompýuter modelleri bilen elementleriň ähli mümkin bolan kombinasiýalaryny derňäp görüp, gelnen netijeleri gözegçilik edilen häsiýetler bilen deňeşdiripdirler.

Planetanyň merkezi ýyldyzynda kisloroddan köp uglerodyň bardygy astronomlaryň ünsüni ozaldan özüne çeken zat. Şol sebäpden ylmy barlagçylar “55 Leňňeç e” döräninde ep-esli mukdarda uglerod bilen kremniniň karbidi (silicon carbide) bolandyr, suw buzunyň paýy bolsa örän az bolandyr diýen pikirden ugur alypdyrdyrlar.

Madhusudhanyň aýtmagyna görä, astronomlar, şeýle hem planetanyň himiki düzümi Ýeriň himiki düzümine meňzeşdir diýen çaklama esaslanyp, onda ýokary derejedäki gyzgyn suw bardyr diýip pikir edipdirler. Ýöne täze barlaglardan çen tutsaň, “55 Leňňeç e” planetasynda suw asla ýok. Ol, esasan, grafitden we göwherden (uglerod), şeýle hem demirden we kremniniň karbidinden durýar. Onuň düzüminde käbir silikatlaryň-da (silicates) bolmagy ahmal.

Ýere üç esse göwher

Barlagda planetanyň massasynyň iň azyndan üçden biriniň – Ýeriň massasynyň takmynan üç essesine deň – göwher bolmagy mümkin diýip çaklanýar.

“Munuň tersine, Ýeriň içki bölegi kisloroda baý, ugleroda bolsa aşa garyp – ol massanyň müňden biri-de däl” diýip, Yale uniwersitetiniň bu barlaga gatnaşan geofizigi Kanani Lee aýdýar.

Biziň planetamyz, dogrudanam, kisloroda baý. Kislorodyň bir özi onuň massasynyň üçden birini, köpräk duş gelýän demir, kremniý we magniý bilen birlikde hem onuň takmynan 94 prosentini düzýär. Beýleki elementleriň paýyna düşýän diňe alty prosent.
Ýupiter, Gün sistemasynyň iň uly planetasy

Ýupiter, Gün sistemasynyň iň uly planetasy


Yale uniwersitetiniň 2012-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda media beren maglumatynda, Madhusudhanyň aýtmagyna görä, ugleroda baý super-Ýeriň bardygynyň anyklanmagy indi Ýer toparyna girýän uzak planetalaryň himiki düzümleri, içki gurluşlary, atmosferalary ýa biologiýalary Ýeriňkä meňzeşdir diýip çaklap bolmajakdygyny aňladýar.

Edilen açyş şol bir wagtyň özünde-de Ýeriň ululygyndaky bize nätanyş planetalaryň geohimiki we geofiziki proseslerini öwrenmäge täze ýollary açýar. Ugleroda baý düzümiň planetanyň termik ewolýusiýasyna, tektonik hereketlerine täsir etmegi mümkin. Bu hem öz gezeginde, mysal üçin, wulkanizme, seýsmik işjeňlige we daglaryň döremegine täsir edip bilýär.

Planetalar çylşyrymly bolýar

“Ýyldyzlar ýönekeý bolýarlar. Bir ýyldyzyň massasy we ýaşy belli bolsa, onuň esasy strukturasyny we taryhyny bilýärsiň” diýip, Prinston uniwersitetiniň astronomiýa boýunça professory Dawid Spergel aýdýar. “Planetalar örän çylşyrymly. Biz ýaňy golaýymyzda ýerleşýän ýyldyzlaryň töweregindäki planetalary açmaga başlanymyzda, bu ‘göwhere baý super-Ýeriň’ öňde bize garaşýan açyşlaryň baý hatarynyň diňe birje mysaly bolmagy mümkin”.

Nikku Madhusudhan 2011-nji ýylda uzakda ýerleşýän gaz “läheňi” bolan bir planetanyň ugleroda baý atmosferasyny açan topara ýolbaşçylyk etmek bilen, Ýer toparyna girýän planetalaryň arasynda hem ugleroda baýy bolmaly diýip uzak wagt bäri aýdylyp gelinýän ähtimallygy güýçlendirdi.

Täze barlag astronomlaryň Güne meňzeş bir ýyldyzyň töwereginde göwherden durýan bolmagy ahmal bir planetanyň bardygyny ilkinji gezek anyklap, onuň himiki düzümini kesgitlemegidir. Ýöne munuň bilen iş soňlananok. Planetanyň himiki düzümine degişli açyşlary tassyklamak üçin ýene barlaglar gerek.


ÇEŞMELER:

http://news.yale.edu/2012/10/11/nearby-super-earth-likely-diamond-planet
http://www.dailygalaxy.com/my_weblog/2013/01/exo-planet-with-a-chemistry-vastly-different-than-earth-a-surface-of-graphite-and-diamond.html
http://www.astronews.com/news/artikel/2012/10/1210-017.shtml
http://www.sterne-und-weltraum.de/alias/exoplaneten/55-cancri-e-ein-stark-kohlenstoffhaltiger-planet/1167414

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG