Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Düýeji: "Salarniýa özüni öwdürmän halka hyzmat etdi"


Abdyrahman Düýeji (sagdan ikinji) we eýran türkmenleri
Abdyrahman Düýeji (sagdan ikinji) we eýran türkmenleri
Eýrandaky Horasan sebitiniň Türbet-Jam şäherinde ýaşaýan Salyr türkmenleri Türkmensähra türkmenleri bilen ýaňy tanyşyp başlan mahaly "Sähra" gazedi olaryň durmuşy hem ýaşaýşy bilen içgin gyzyklanyp, yzgiderli makalalar çap etdi.

Türbet-Jam türkmenleriniň öňdebaryjylaryndan merhum Kerim Salarniýanyň Eýrandaky türkmenleriň özara gatnaşyklaryna esasy goşandy goşanlaryň biri bolup durýandygyna üns çeken we onuň ýakyn dosty hem-de "Sähra" gazediniň döredijisi Abdyrahman Düýeji, öz ýatlamalaryny Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

Azatlyk Radiosy: Eýran türkmenleriniň öňdebaryjylaryndan merhum Kerim Salarniýany ýagşylykda ýatlap, ol baradaky ýatlamalaryňyzy dünýä türkmenlerine gürrüň beräýseňiz?

Abdyrahman Düýeji: Söze başlamankam, Eýrän türkmenleriniň öňdebaryjylaryndan merhum Kerim Salarniýany ýatlaýanyňyz üçin köp minnetdarlyk aýdýaryn. Köplenç adamlar kitap, roman, hekaýa, şygyr ýaly eserler ýazyp gidenlerinden soň ýatlanýarlar. Ýöne käbir şeýle adamlar bar.

Olar bir ýazylan eser galdyrmasa-da bir adamyň eser ýazmagyna sebäp bolýarlar ýa-da ýol açýarlar. Şeýle adamlar jemgyýetde özüni görkezjek hem bolup duranoklar. Şeýle şahsyýetleriň ady hem kän dillendirilip duranok. Şeýle adamlar halk üçin edilmeli işleri dilden hem gözden uzakda, sahnanyň aňyrsynda diýen ýaly edip ýörler.

Kerim Salarniýa hem ynha şeýle şahsyýetlerden biridi. Ol özüni tanatjak hem bolup duranokdy. Türkmenleri üýşürip, şolara haýryny ýetirip, pul kömegi gerek bolanda hem pul kömegini gurnap ýören bir öňdebaryjydy. Kerim Salarniýa, halkyň arkasyndan öz öňdebaryjylygyny edip ýören ýigitlerdendi.

Azatlyk Radiosy: Kerim Salarniýa bilen tanyşlygyňyz hem dostlugyňyz nähili başlady? Şol ýatlamalaryňyzy hem biziň bilen paýlaşaýyň?

Abdyrahman Düýeji: Kerim Salarniýa bilen dostlugymyz on ýyl gowrak wagt bäri bardy we dostlugymyz hem edebiýat arkaly başlapdy. “Sähra” gazedini çykaryp başlan mahalymyz Kerim Salarniýanyň özi biziň bilen aragatnaşyga geçdi. Bizi Türbet-Jam türkmenleriniň arasyna myhmançylyga çagyrdy.

Şonda birinji gezek Türbet-Jam şaherine bardyk. Hemmämiz Eýranda ýaşaýanam bolsak birek-biregimizden gaty uzakda ýaşaýarys. Türkmensähra bilen Türbet-Jamyň arasy ulagda on iki sagatlyk ýoldyr. Şeýle uzak ýoly hem menzili geçäýmek gaty aňsat iş dälmikä diýýärin. Ol şäher köplenç başga halklaryň ýaşaýan şäheri diýip bilinýän şäherdi.

Türbet-Jamda köpçülik parslar bolansoň, ol ýerde türkmenleriň ýaşaýandygyndan bihabardyk. Kerim pahyryň ýakynlygy bilen Türbet-Jam türkmenlerini görmeklik hem tanamaklyk nesip etdi. Türbet-Jam türkmenleri türkmençäni näçe uzakda bolsalaram Türkmensähra türkmenlerinden hem has gowy gürleşýärler ekeni. Şol ýerdäki Salyr türkmenleri mundan daşary türkmeniň däp-dessurlaryny hem gowy gorapdyrlar.

Türkmençiligi gowy ýaşadyp ýör ekeni. Adaty gündelik durmuşda Türbet-Jam türkmenleri donly, çabytly, kürteli gezişip, ýaşap ýörler. Şolary ilkinji gezek görenimizde haýran galyp, agzymyzy açdyk. Olaryň myhmansöýerligi, sadalygy hem gaty uly öwgä mynasyp. Esasy belläp geçilmeli taraplary bolsa, Türbet-Jam Salyr türkmenleriniň okuwly-bilimli boluşy.

Medeniýet hem sungat taýdan ösenligi bilen hem gaty geň galdyrdylar. Türbet-Jamdaky Salyr türkmenleriniň ýene bir aýratynlygy bar, ýagny olaryň aňyrsy hanlardan gaýdýar. Hanlyk häsiýetlerine hem doly göz ýetirmek bolýardy. Olar gaty gadymy döwürlerden bäri türkmeniň ugrunda söweşip gelen gujur-gaýratly adamlardy. Ýalňyşmaýan bolsam, ahyrky hanlary hem olaryň Meňli han bolmaly.

Salyr türkmenleri, Eýranyň Horasan sebitiniň Türbet-Jam şäherine Stalin döwri başlanda Türkmenistan tarapdan göçüp gelen. Bärik gelip, başga halkyň häkimiýeti astynda ýaşaýanam bolsalar, şol türkmeniň hanlyk häsiýetini henizem dowam etdirýärler. Bilim, medeniýet hem sungat ugrunda gaty ykjam bolmaklary we türkmen geýim-gejimlerini geýip ýaşaýyşlary ynha bularyň hemmesi şol hanlyk häsiýetiniň alamatlarydyr.

Eýranyň Türbet-Jam sebitinde ýaşaýan türkmenler.
Eýranyň Türbet-Jam sebitinde ýaşaýan türkmenler.
Azatlyk Radiosy: Türkmensähra we Türbet-Jam türkmenleriniň arasyndaky gatnaşyklar näçenji ýyllarda ýola goýuldy?

Abdyrahman Düýeji: Muny şeýle belläp geçmek has ýerlikli bolarmyka diýýärin. Eýrandaky Türkmensähra we Türbet-Jam türkmenleriniň arasynda gatnaşyklar has owaldan başlan we Myratdurdy Gazy dagy hem gidip gelen. Ýöne täze nesile çenli özara gatnaşyklar ýygjam bolmandyr. Ýöne Eýrandaky täze türkmen nesilleriniň birek-biregini tapyşmagy bilen bu gezek gatnaşyklar köpçülikleýin boldy.

“Sähra” gazedi we Kerim Salarniýa ýaly öňdebaryjylaryň tagallalary bilen bir üýşmeleň bolsa köpçülik bolup ulaglar bilen gatnaşylyp başlandy. Toýlarda Türkmensähradan ençeme ulag bolup Türbet-Jama gidilýärdi ýa-da o taýdan şeýdip gelip başladylar. Owallar diňe ýaşulylaryň arasynda bolan özara gatnaşyk bu gezek ýaş nesilleriň arasynda ýygjamlaşdy hem-de ýaýbaňlandy. Ondan soň Magtymguly günlerinde hem Türbet-Jamdan uly märeke bolup gelýärler.

Kerim Salarniýa bir seretseň Owganystana gidip o taýdaky türkmenleri hem ýöne oturdanok. Owganystan türkmenleriniň arasyndan her gezek gaýdyşynda ýany bilen bir bagşy alyp gaýdýardy. O taýdaky türkmenleriň medeniýet hem sungat işgärlerini Magtymguly dabaralaryna gatnaşdyrýardy.

Bir görseň Mazary-Şerif, Hyrat ýaly bir ýerden maňa jaň edýär we "Abdyrahman, men şu wagt şu ýerde Jüneýt hanyň nebereleri bilen otyryn. Olaryň hemmesi köp dogaýy salam aýdýar. Şolara näme soragyň bolsa ynha telefon arkaly soraber" diýip, meni Jüneýt hanyň nebereleri bilen habarlaşdyrýardy. Soňky alty ýylyň dowamynda iň azyndan her hepde-de bir gezek şeýle gürrüňler bilen maňa telefon edip durýardy. Başga ýurtda gezip ýören her kim şeýle hyzmatlary etmezmikä diýip oýlanýaryn.

Kerim Salarniýa, gysgaça aýdylanda türkmene we türkmençiliga aşykdy. Soňky ýyllarda maşgalasy hem çagalary bilen bir-iki gezek Türkiýä gezelenje gelipdi. Türkiýä göçüp gelmäni yüregine düwüpdi welin, ol hem kysmat bolman aramyzdan aýrylmaly bolaýdy. Kerim Salarniýanyň aramyzdan aýrylandygy baradaky ajy habary eşitmeli bolduk.

Azatlyk Radiosy: Abdyrahman Düýeji, siziň pikiriňize göra, Türbet-Jam türkmenleriniň öňdebaryjylaryndan Kerim Salarniýany türkmen ýaşlaryna haýsy tarapdan görelde hem mysal görkezmek bolar?

Abdyrahman Düýeji: Kerim Salarniýa, ýaşan döwründe Türbet-Jam türkmenleriniň arasynda hemmelere we ylaýta-da ýaşlara nusga bolan bir şahsyýetdi. Hemmeler onuň daş-töweregindedi. Mundan beýläk hem Kerim Salarniýanyň ýoluny dowam etdirmeli. Onuň egindeşleri hem ýaş nesiller Türkmensähra bilen ykjamlanan baglary goparmaly däl.

Kerim Salarniýa we onuň çaglary
Kerim Salarniýa we onuň çaglary
Kerim Salarniýa pahyr bir üýşmeleň bolanda märekäni "Hany müniň ulaglaryňyza, ýola düşeliň" diýip, halky herekete geçirýän şahsyýetdi. Şeýle aladalaryň dowam etdirilmegi bilen Kerim Salarniýanyň ruhy hem şat boljakdyr. Kerim pahyryň açan ýolunda Owganystan türkmenleri bilen ýygjamlanan gatnaşyklar dowam etdirilmeli.

Türkmenistan ata watan bilen Kerimiň ýola goýan arabaglanyşygy dowam etmeli. Ata watanymyz Türkmenistany hem hiç wagt unutmaly däl. Kerimiň edişi ýaly, dünýäniň niresinde bir türkmen bar bolsa şony tapyp, beýleki türkmenler bilen gatnaşygyny ýola goýmaly.

Kerim pahyryň aýratyn gowy tarapy hem özüni öňe çykarjak bolup duranokdy. Ol türkmene özünden geçip, bütin ruhy hem ýüregi bilen hyzmat etmegiň aladasyndady. Halka hyzmat etjek bolsaň özüňi öňe çykarman, özüňi öwdürmän hem hyzmat edip bolýar. Ynha bu ugurda merhum Kerim Salarniýa gaty gowy bir görelde bolup durýar.

Halk üçin edilmeli iş hökman bir eser ýazmaklyk däl. Şeýle eserleri döredýänleri goldabam sogap iş etse, abraý gazanylsa bolýar. Kerim Salarniýa ýaly türkmen öňdebaryjylaryndan alynjak sapak hem göreldeleriň iň esasysy, öz halkyňa hyzmat etmekden hoşal bolmak we keýip almaklykdyr.
XS
SM
MD
LG