Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran: Hameneýi Rohanä pata berýär


Eýranyň ýokary ruhany lideri Hassan Rohanä ýurduň indiki prezidenti hökmünde ak pata berdi.

Tähranda şenbe güni, Eýranyň konstitusiýasy boýunça aýatolla Ali Hameneýi tarapyndan berlen pata Rohaniniň dört ýyllyk prezidentlik möhletiniň resmi taýdan başlanýandygyny aňladýar.

Pata beriş dabarasynda Hameýi Rohaniniň ýaňagyndan ogşasa, täze prezident onuň egninden öpdi.

Hameneýi öz beýanatynda Rohaniniň «duşmanlara garşy durýan ruhanylar galasyndandygyny» aýtdy.

Ol onuň prezidentlige saýlanmagyny yslam rewolýusiýasyna ygrarlylyk habary, döwlet üçin umyt... we onuň rowaçlygyna goşant goşmaga, Eýrandaky problemalary azaltmaga yhlas edýän şahslara ynam diýip atlandyrdy.

Eýrany abadançylyga getirjek ýol

Rohani Eýranyň, öz sözleri boýunça, «radikal ugurdan» gaça durmalydygyny, «aram ýoldan» gitmelidigini, şol ýoluň ony abadançylyga we progrese getirjegini aýtdy.
Ol şeýle diýdi:

“Hökümet adamlaryň ýaşaýyş şertlerine barha köp üns berer, şonuň bilen bir hatarda hem ol, milli bähbitlerden we häzirki agyr sanksiýalardan dynmak maksadyndan ugur alyp, Eýranyň halkara meýdanyndaky pozisiýasyny ýokarlandyrmak üçin täze çäreleri görer.”

Şeýle-de ol öz wezipesiniň eýran halkyny lapykeç etmek däldigini aýtdy, syýasy we ykdysady durnuklylygyň zerurlygy barada gürrüň etdi.

Onuň bu sözleri milli telewideniýe arkaly halka ýetirildi.

Rohani ýekşenbe güni Eýranyň mejlisinde, 52 ýurtdan gelen ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagynda prezidentlik kasamyny kabul eder.

64 ýaşly Rohany Yslam respublikasynyň ýedinji prezidenti bolýar. Ol režimiň içinden çykan adam we iýunda geçirilen prezident saýlawlarynda reformaçylaryň hem goldawyna mynasyp boldy.

Rohani ikinji möhleti dawaly bolan prezident Mahmud Ahmedinejadyň ýerine prezident bolýar.
XS
SM
MD
LG