Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Musulman dünýäsindäki ilçihanalaryny ýapýar


Ýemen polisi paýtagt Saanadaky barlag nokadynda dur, 3-nji awgust, 2013.
Ýemen polisi paýtagt Saanadaky barlag nokadynda dur, 3-nji awgust, 2013.
Birleşen Ştatlar anyklaşdyrylmadyk bir haýbat zerarly ýekşenbe güni musulman ýurtlarynyň köpüsinde öz ilçihanalaryny we konsullyklaryny ýapýapndygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet deparametiniň sözüçi Mari Harf penşenbe güni Amerikanyň daşary ýurtlardaky edaralaryna abanýan howp barada gürrüň açyp, şeýle diýdi.

"Şeýlelikde Döwlet departamenti Birleşen Ştatlaryň belli-belli ilçihanalyrnyň we konsullyklarynyň ýekşenbe güni, 4-nji awgustada ýapyk bolmalydygy ýa işlerini wagtlaýyn duruzmalydygy barada görkezme berdi. Döwlet departamenti, aşa ägälikden we biziň işgärlerimiziň hem edaralarymyza gelýän başga adamlaryň howpsuzlygyndan ugur alyp, öňünden seresaplylyk çärelerini görmelidigini aňladýan maglumat bilen habarly edildi. Döwlet departamenti duýduryş ýagdaýynda, dowam edýän işlermiz bilen howpsuzlygy üpjün etmegi utgaşdyrmak üçin, şeýle çäreleri görýär."

Ol abanýan howp barada jikme-jik maglumat bermän, diňe «howpsuzlyk aladalaryndan» ugur alynýandygyny aýtmak bilen çäklendi.

"Biziň edaralarymyzyň ýapyk galjak goşmaça günleriniň hem bolmagy mümkin. Elbetde, biziň analizlerimize baglylykda, amerikan ilçihanalary we konsullyklary aýratynlykda özleriniň açykdygy ýa-da çäklendirmeleri girizýändigi, ýa başga çäre görýändigi barada habar bererler."

Ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň musulman ýurtlarynyň köpüsindäki diplomatiki missiýalary üçin iş güni bolup durýar. Birleşen Ştatlaryň Ýewropadaky, Latyn Amerikasyndaky, şeýle-de başga-da bir topar ýurtdaky diplomatiki missiýalary ýekşenbede adatça ýapyk bolýar.
XS
SM
MD
LG