Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada ýer yrandy


Ýaponiýanyň demirgazygynda 6 bally ýer yranmasy boldy, emma ýurduň meteorologiýa gullugy bu ýerde sunami, suw joşmasy howpunyň ýokdugyny aýdýar.

Ýekşenbe günündäki ýer yranmasy Ýuwaş okeanyň ortasynda, 2011-nji ýylyň martyndaky 9 ballyk ýer sarsgynynyň bolan ýerlerinde boldy.

Tokionyň Elektrik togy kompaniýasy, Fukuşima ýadro elektrik stansiýasynyň operatory ýekşenbe güni bolan ýer yranmasyndan soň hiç hili "kadadan çykma» habaryny almandygyny aýtdy.

Fukuşimo ýadro elektrik stansiýasy 2011-nji ýyldaky ýer yranmasyndan soň radiasiýa syzdyryp, köp kynçylyga duçar bolupdy.
XS
SM
MD
LG