Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 19 adam öldürildi


Yrakdaky partlamalarda we atyşyklarda 19 adam öldürildi.

Şenbe güni ýurduň ýokary derejeli harby serkerdesi, general leýtenant Abdul Amir al-Zaidiniň ulag kerwenine edilen hüjümde ýaragly adamlar onuň alty janpenasyny öldürdiler.

Bu waka Adeim şäheriniň golaýynda, Bagdadyň 100 km çemesi demirgazygynda boldy.

Daýala we Salahuddin welaýatlaryndaky hökümet güýçlerine komandirlik edýän Al-Zaidiniň özüne zeper ýetmedi.

Yrakdaky zorluklar ýylyň dowamynda ýokarlanmak bilen, ýöne musulmanlaryň mukaddes aýy bolan Ramadanda asuda ilata, howpsuzlyk güýçlerine edilýän hüjümleriň sany has artdy.
XS
SM
MD
LG