Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 16 adam ýaralandy


Ýekşenbe güni Jalalabatda bolan güýçli partlama 16 adamy ýaralady.

Partlama bir gün öň hindi konsullygyna janyndan geçen bombaçynyň ganly hüjüminiň amala aşyrylan şäherinde boldy.

Ýerli howpsuzlyk resmisi Maasum Han Haşemi bu bombanyň Jalalabadyň merkezinde, döwlet prokurory Abdul Kaýumy alyp barýan maşynyň golaýynda partladylandygyny aýtdy.

Haşemi Azat Owganystan radiosyna prokuroryň, onuň üç janpenasynyň we 12 sany graždan adamyň ýaradar bolandygyny gürrüň berdi.

Ýaralananlaryň arasynda aýallaryň we çagalaryň hem bardygy aýdylýar.

Şenbe güni bu şäherdäki hindi konsullygyna edilen hüjümde 9 adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG