Sepleriň elýeterliligi

Ak tam hüşgärligi maslahatlaşdy


Ak tam Waşingtony global syýahat hüşgärligine çagyrmaga we yslam dünýäsindäki ilçihanlaryny wagtlaýyn ýapmaga getiren terrorçylyk aladalaryndan soň ýokary derejeli duşuşyk geçirdi.

Şenbe güni geçirilen duşuşyk Interpoluň geçen aý «Al-kaýda» jeňçileriniň ýüzlerçesiniň türmelerden gaçmagy esasynda çap eden hüşgärlik çagyryşyna gabat geldi. Mälim bolşy ýaly, geçen aý dokuz ýurtda, şol sanda Yrakda, Liwiýada we Pakistanda türmeden gaçyşlyk boldy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bu duşuşyga gatnaşmady. Emma ol soňra bu barada gysgajyk durup geçdi.

Duşuşyga gatnaşanlaryň içinde milli howpsuzlyk geňeşçisi Suzan Raýs, döwlet sekretary Jon Kerri, goranmak sekretary Çak Heýgel, içerki howpsuzlyk sekretary Janet Napolitano dagy bar.

ABŞ-nyň 17 ýurtdaky diplomatiki missiýasy ýekşenbe güni ýapyldy we günläp şeýle galyp biler.

Britaniýa, Germaniýa hem özleriniň Ýemendäki diplomatiki missiýalaryny ýapdylar. Kanada bolsa özüniň Dhakadaky, Bangladeşdäki missiýasyny ýapýar.
XS
SM
MD
LG