Sepleriň elýeterliligi

Moskwada migrantlar üçin lager açyldy


Moskwada geçirilen polisiýa reýdleri netijesinde müňlerçe zähmet migranty tussag edildi.

Tussag edilen migrantlar gelen ýerlerine iberilýänçä 1-nji awgustda açylan deportasiýa lagerinde saklanar.

Orsýetiň Migrantlar federasiýasynyň prezidenti Muhammad Madjumdera migrantlar üçin lagerleriň peýda bolmagy diňe bu ýurtda bikanun bolup ýörenleri gorkuzmaz, eýsem dokumenti düzüw bolmadyk beýleki adamlary hem dowla salar diýýär.

Politolog Enwer Kisriýew bolsa, bu lager uzak saklanmaz, migrantlar şonsuz hem örän gorkuzylan diýip pikir edýär.

Dört ýyl mundan öň Özbegistandan gelen Gaýrat Saburow heniz özüniň migrantlaryň lageri barada eşitmändigini, polisiýada bolandygyny we munuň beýle bir gorkunç däldigini gürrüň berdi.
XS
SM
MD
LG