Sepleriň elýeterliligi

Malaýziýa: 40 işçi tapylmaýar


Malaýziýanyň halas ediji işgärleri deňizde ýiten 40 işçiniň tapylmak ähtimallygynyň azalýandygyny aýdýarlar.

Ol işçiler penşenbe güni agşam gämileri agdarylanda ýitdi.

44 ýolagçyny alyp gelýän agaç gämi Ramadan soňlanmazyndan öň Indoneziýanyň Batam adasyna syýahat eden musulmanlary öýlerine getirýän eken.

Şenbe güni halas edilen dört ýolagçynyň biri gämidäkileriň güýçli tolkunlardan elheder alyp, dowla düşendigini we bu ýagdaýyň adamdan doly gäminiň agdarylmagyna sebäp bolandygyny gürrüň berdi.
XS
SM
MD
LG