Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanlylaryň nobat meselesi


Türkmenistanda döwlet, hökümet edaralarynyň, bilet ýa petek satylýan ýerleriň öňünde uzyn-uzyn nobatlaryň döreýändigi, bu nobatlarda adamlaryň hem wagtyny, hem saglygyny ýitirýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Eýsem bu nobatlar näme üçin azalmaýar? Olaryň wagt-wagt barha köpelmeginiň sebäbi ýa sebäpleri näme? Näme üçin ol nobatlary düzgünleşdirmek, kadaly ýagdaýa salmak şeýle uzak wagt alýar?

Ýa-da bolmasa, bu nobatlar türkmenistanlylaryň döwlet, hökümet tejribeleriniň ýakyn taryhy, sowet geçmişi bilen baglanyşyklymy?

Ýa-da bu ýerde ilatyň sowatlylyk derejesi, döwlet, hökümet işgärleriniň professional taýýarlygy, metbugatyň halk durmuşy, raýat meseleleri barada ýeterlik maglumat bermezligi bilen bagly meseleler barmy?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselelere bagyşlamagy makul tapdy.

Eger bu barada pikirleriňiz, bellikleriňiz bolsa, ýazyp hem aýdyp bilersiňiz.

Şeýle-de, söhbete gatnaşyp, türkmen meseleleriniň çözgüdine öz oňyn täsirini ýetirmek isleýän täze-täze synçylarya garaşýandygmyzy ýatladýarys.

Azatlyk Radiosynyň mikrofony dürli pikirler üçin açyk. Pikirleriňize garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG