Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Diplomatik edaralaryň 19-sy ýapyk galar


Birleşen Ştatlar terror hüjümleriniň amala aşyrylmagyndan howatyrlanyp, Ýakyn Gündogardaky we Afrikadaky 19 sany ilçihanasynyň we konsullygynyň 10-njy awgusta çenli ýapyk galjakdygyny aýtdy.

Bu sanawda ýekşenbe güni ýapylan ABŞ-nyň 15 sany diplomatik missiýasynyň ady bolup, oňa ýene-de dört sanysy goşuldy.

Ýekşenbe güni ýapylan ABŞ-nyň käbir diplomatik edaralary duşenbe güni gaýtadan açylmaly edildi. Olaryň arasynda ABŞ-nyň Bagdatdaky, Kabuldaky we Alžirdäki diplomatik edaralary bar.

Waşington awgust aýynyň dowamynda "Al-Kaýdanyň" terrorist hüjümlerini amala aşyrjakdygy barada haýbat gelip gowuşandygyny we bu barada ABŞ-nyň kanunçykaryjylarynyň habarly edilendigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň kanunçykaryjylarynyň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň aňtaw gullugy bu haýbatyň 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda edilen hüjümden bäri görülen iň çynlakaý haýbatdygyny belledi.

Şeýle-de, ABŞ we Interpol amerikan syýahatçylaryna howpsuzlyk babatda ünsli bolmaklary üçin duýduryş berdi.

Bu ätiýaçlyk çäreleriniň geçirilmegi, geçen aýyň dowamynda dokuz ýurtdaky türmeden "Al-Kaýda" söweşijileriniň gaçmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Şol ýurtlaryň arasynda Yrak, Libýa we Pakistan ýaly ýurtlar bar.
XS
SM
MD
LG