Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Bazarda bomba ýaryldy


Owganystanyň günortasyndaky Kandagar şäheriniň mal bazarynda bomba hüjümi amala aşyryldy. Partlamada azyndan dört raýat öldi.

Kandagar welaýat häkimliginiň sözçüsi Jawed Faýsalyň aýtmagyna görä, bomba bazardaky bir arabanyň içinde gizlenip, ol duşenbe güni ir bilen adamlaryň bazara üýşen mahaly partladylypdyr.

Jawed Faýsalyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, partlamada azyndan 22 adamyň ýaralanandygy bellenýär.

Häzire çenli bu partlamanyň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG