Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kozlowyň sud işine täzeden seredilmedi


Gazagystanyň Ýokary sudy oppozisiýanyň türmedäki lideri Wladimir Kozlowyň sud işini gaýtadan gözden geçirmegi ret etdi.

Duşenbe güni Gazagystanyň Ýokary sudunyň kazysy Morýak Şegenow, Kozlowyň sud işini täzeden gözden geçirmek üçin “hiç hili esasyň ýokdygy” barada karar çykardy.

Gazagystanyň oppozision lideri Kozlowyň aýaly Aliýa Turisbekowanyň duşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, sud diňlenşigine gazagystanly adam hukuklaryny goraýjylaryň we polşaly hem-de italiýaly kanunçykaryjylaryň gatnaşandygyny aýtdy.

Gazagystanda hasaba alynmadyk “Algha”, ýagny “Öňe” partiýasynyň lideri Kozlow ýurduň günbataryndaky nebit işçileriniň köpçülikleýin iş taşlaýyşynda rolunyň bardygy aýdylyp, geçen ýylyň oktýabr aýynda 7,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

2011-nji ýylyň dekabr aýynda bolan şol iş taşlaýyş ýowuzlyklar bilen tamamlanypdy. Şonda Gazagystanyň polisiýasy Žanözen hem-de Şepte şäherlerinde 17 adamy atyp öldürdi.

Oppozision lider Kozlow özüne garşy gozgalan bu sud işiniň syýasy maksatlydygyny nygtaýar.
XS
SM
MD
LG