Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Pussy Riot': Alýohina başga türmä geçirildi


“Pussy Riot” toparynyň türmedäki agzasy Mariýa Alýohina Russiýanyň Perm regionyndaky zähmet lagerinden ýurduň Nižniý Nowgorod regionyndaky başga bir türmä geçirildi.

Russiýanyň Nižniý Nowgoroddaky Temmi beriş merkezleriniň federal gullugynyň sözçüsiniň duşenbe güni žurnalistlere beren maglumatynda, Alýohinanyň regiona barandygy mälim edildi.

Alýohinanyň Russiýanyň başga bir türmesine geçirilýändigi baradaky maglumatlar, eýýäm, iýul aýynyň ortalarynda peýda bolupdy.

Geçen aý Alýohinanyň aklawçysy Oksana Darowa, müşderisiniň başga türmä geçirilýändigi we näme sebäpden geçirilýändigi barada ne özüne, ne-de müşderisine maglumatyň berilendigini aýtdy.

“Pussy Riot” toparynyň agzalary Mariýa Alýohina we Nadežda Tolokonnikowa "dini ýigrenje esaslanýan huligançylykda" aýyplanyp iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdiler.

Olar 2012-nji ýylyň fewral aýynda Moskwanyň Prawoslaw kilisesinde prezident Wladimir Putine garşy ýerine ýetiren kinaýaly aýdymyndan soň tussag edilipdiler.
XS
SM
MD
LG